Türkmenistanyň Mary we Lebap welaýatlarynda ilatyň aýlyk, pensiýa we kömek pullaryny nagtlaşdyrmak bilen bagly kynçylyklary dowam edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň biri-birinden garaşsyz iki habarçysy Lebapdan we Marydan habar berýär.
"Mary welaýatynda adamlar geçen aýdaky zähmet haklaryny nagtlaşdyryp bilmeýärler. Şu gün Mary şäherindäki "Garagum" bankyna pul nagtlaşdyrmakçy bolup, etraplaryň dürli ýerlerinden adamlar geldi. Irden sagat 9:00-da bank açyldy. "Bankomatlarda pul ýok, häzir salsynlar onsoň içine giriň" diýip bankda duran polisiýa işgäri adamlary içine goýbermedi" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan maryly habarçy 3-nji iýunda gürrüň berdi.
Onuň sözüne görä, "Garagum" bankynyň işgärleri nobata duran adamlary sagat 10:00-dan soň salyp başladylar we raýat geýiminde iki sany organ işgäri nobata gözegçilik etdi.
"Her bir raýat diňe bir kartdan pul almaly. "Eger iki kartyňyz bolsa, bir kartdan alansoň, ikinji kart üçin täzeden nobat bellemeli" diýdiler. Emma "Garagum" bankynyň öňünde nobata duran adamlaryň sany 100 töweregidi. Nobatdaky adamlaryň 20 töweregine ýetende pul gutardy" diýip, habarçy aýtdy.
Habarçy adamlar pul nagtlaşdyryp başlan mahaly, bankomadyň 5 manatlyk pul birligini berip başlandygyny, şonda ilatyň puluň dessine gutarjakdygyny öňünden bilendigini hem belledi.
"Bankomat her gezek karty salanyňda diňe 100 manat berýär. Her adam kartyny 7-8 sapar salyp çykarýar. Bir adam 800 manat nagtlaşdyrmakçy bolsa, 10 minut wagt geçýär. 1 sagadyň dowamynda 7-nji adamyň nobaty ýetdi. Adamlar gaty nägile bolup, ýüzlerini sallaşyp dargadylar we nobatda durkalar biri-birlerinden telefon belgilerini alyşdylar. Gije diýmän, irden diýmän nirede bankomatda pul bar bolsa biri-birimize habar bereliň adamlar diýdiler" diýip, habarçy belledi.
Bir ýaşuly aýal bolsa, adamlaryň içinde sögünip, "Men dördünji gezek nobatda durýan, her gezek pul alyp bilemok, kartyň içinden almaly pulum bolsa 130 manat" diýdi.
Azatlygyň Lebapdaky habarçysy nagt ýetmezçiligi bilen bagly problemanyň ýurduň bu welaýatynda hem dowam edýändigini, Darganata we Gazojak etraplarynyň ýaşaýjylarynyň aglabasynyň indi üç aý bäri aýlyk we pensiýa haklaryny nagtlaşdyryp bilman kösenýändigini aýtdy.
"Bu etraplarda nagt däl söwda amallaryny hem ýerine ýetirip bolmaýar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 3-nji iýunda gürrüň berdi.
Şol bir wagtda, ol ýerli häkimiýetleriň nagt ýetmezçiligini çözmek üçin ýerli býujete goşant goşmagyň çeşmelerini gözleýändigini hem aýtdy. Munuň üçin ol býujet işgärleriniň ençemesiniň mejbury COVID-19 barlagyndan geçirilýändigini we olardan pul alynýandygyny belledi.
Habarçynyň sözüne göra, raýatyň elinde koronawirus testi üçin kassa töleg töländigi barada çek, resminama bolsa, onda lukmanlar analiz almazdan, barlaglary geçirmezden kepilnamany berýärler.
"Dargatanata etrap Saglyk öýünde ençeme býujet işgärinden uçdantutma koronawirus barlagyndan geçmek we COVID-19 ýokdugy barada kepilnama almak talap edilýär. Koronawirus testleri ýok. Barlaglar hem göz üçin, hem-de döwlet býujetine girdeji getirmek üçin geçirilýär" diýip, habarçy belledi.
Habarçynyň saglyk işgärlerine salgylanyp aýtmagyna görä, etrap häkimligi Saglyk öýüniň baş lukmanyna her gün azyndan 2000 sany raýatyň test tölegini "Halkbankyň" ýygym kassasyna nagt geçirmegi berk tabşyrypdyr.
"Etrap häkimi gallaçy daýhanlar bilen öz wagtynda hasaplaşmak we pensionerleriň nagt pul meselesini çözmek üçin etraba girdeji getirýän dükanlara we ýangyç beketlerine hem nagt pulda söwda etmegi tabşyrypdyr. Şeýle-de, etrapdaky "Halkbankyň" ýygym kassasy ilatyň jerimelerini we salgytlaryny hem nagt görnüşinde kabul edip başlapdyr" diýip, habarçy ýagdaýdan habarly adamlara salgylanyp gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar barada Mary we Lebap welaýat, Darganata we Gazojak etrap häkimliklerinden kommentariý almak başartmady.
Türkmenistanda dowam edýän agyr ykdysady kynçylyklaryň üstüne pandemiýa çäklendirmeleriniň we global nebit bahalarynyň aşaklamagynyň goşulmagy bilen, ýurtdaky maliýe ýetmezçiligi has-da ýitileşdi.
Ýurduň bankomatlarynda nagt pul tapdyrmaýar. Olaryň öňünde gijeden nobata durýan adamlar käte hepdeläp, käte-de aýlap zähmet, pensiýa haklaryny we kömek pullaryny nagtlaşdyryp bilmeýärler.
Munuň bilen bir wagtda, ýurtda kartlar arkaly nagt däl bank amallaryny amala aşyrmak hem kynlaşýar. Ýurtda diňe çäkli sandaky dükanda kartlar bilen söwda edip bolýar.
10-njy aprelde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nagt dolanyşygyny azaltmagyň ýurduň banklarynyň işiniň geljegi uly ugurlarynyň biridigini belledi. Emma ol ýurtda dowam edýan nagt ýetmezçiligi we nagt däl amallar bilen bagly kynçylyklar barada hiç zat aýtmady.