Lebapda döwlet ýeralma hasylyny ýetişdiren kärendeçileriň önümini her kilogramyny 50 teňňeden satyn alýar, bergili çykan adamlar gaýdyp daýhançylyk bilen meşgullanmazlyk kararyna geldiler diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy 11-nji iýunda habar berdi.
Bu maglumat Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň galla oragynyň başlanmagy mynasybetli sebitlere sapar edip, Lebapda bugdaý we ýeralma hasyllaryny ýetişdiren kärendeçiler bilen ýylgyryp surata düşýän wagtynda geldi.
TDH-nyň ýazmagyna görä, lebaply telekeçi Rüstem Bäşimow şu ýylyň fewralynda 370 gektar ýere ýeralma ekip, onuň her gektaryndan 200 sentnere golaý hasyla garaşýar.
Emma Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan kärendeçiler Türkmen mediasynyň berýän maglumatlarynyň durmuşdaky ýagdaýa düýpden gabat gelmeýändigini, oba adamlarynyň döwlet TW-sniň habarlaryna diňe ajy ýylgyrmak bilen oňýandyklaryny belleýärler.
Adynyň aýdylmazlygyny soran kärendeçileriň birnäçesi radio bilen söhbetdeşlikde hökümetiň daýhandan satyn alynýan önümleriň bahasyny ýokarlandyrmak barada beren wadalarynyň boş çykandygyny aýtdy.
Mysal üçin, kärendeçiler ýeralma tohumyny öz hasaplaryna, kilogramyny tas 15 manatdan satyn alyp, her gektar meýdana 3 tonna tohum, 3 tonna fosfor, 1 tonna azot kabamit dökünlerini harçlap, uly zyýan çekdiler we indi gaýdyp daýhançylyk etmezlik kararyna geldiler diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran kärendeçi Azatlyga aýtdy.
Şeýle-de ol bazarda bir kilogram ýeralmanyň bahasynyň 6-9 manat bahalanýandygyny sözüne goşdy.
Azatlygyň anyklamagyna görä, 15 gektar ýere ýeralma eken daýhan 3 tonna ýeralma tohumynyň her kilogramyny 15 manatdan, 3 tonna fosfor dökünini hususy tarapdan 3000 manatdan, 1 tonna azody 4000 manatdan satyn alypdyr; 15 gektar ýeriň sürümi üçin her gektaryna 2500 manat töläpdir, ýeralma joýalaryny çekdirmek üçin her gektara 2000 manat töläp, tehnika işledipdir. Kärendeçi bu işler üçin 30 sany adamy her gününe 30 manat töläp, 3 aýlap hakyna tutupdyr.
Emma ol ýer üçin harçlan maýasynyň 15 göterimini hem alyp bilmän, kärende ýeri üçin döwlete her gektaryna 1500 manat töleg töläp, uly zyýana galdy.
"Ýerden baýajak bolup, garyp düşdüm, häzir, türkmen ykdysadyýetiniň durnuksyz ýagdaýynda önüm öndürmek üçin maýa ýatyran telekeçileriň köpüsi uly zyýan çekýär" diýip, anonimlik şertinde gürleşen telekeçi Azatlyga aýtdy.
Türkmenistanyň prezidenti sözde gök önümleriň daşardan import edilmegine, altyn puluň ýerli şertlerde öndürip boljak önümleri daşardan satyn almaga harçlanmagyna ençeme ýyl bäri garşy durýar we şol bir wagtda azyk howpsuzlygynyň üpjün edilendigini ynandyrmaga çalyşýar.
Emma Berdimuhamedow ýanwardan bäri, her hepde geçirýän iş maslahatlarynda we mejlislerinde ýeralma bolçulygyny döretmegi tasdan baş talaba öwürmek bilen, ýurduň agyr azyk ýagdaýyny, emeli ýeralma gytçylygyny gytaklaýyn ýene bir gezek tassyk etdi.
Geçen ýylyň aýagynda Hytaýdan uç alan koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda çäklendirilen serhetaşa gatnawlar bolsa, Eýrandan we beýleki ýurtlardan getirilýän azyk önümleriniň azalmagyne getirip, türkmen bazarlarynda ilatyň esasy ýapyşalgalarynyň birine aýlanan ýeralmanyň bahasynyň öňki ýyllarda görülmedik derejede ýokarlanmagyna sebäp boldy.
Ýerli synçylar ýurtda dörän azyk gytçylygyny Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynyň başynda başlanan "ýer-suw korrupsiýasy", döwletiň daýhanlara hiç bir erk-ygtyýar bermezligi bilen düşündirýärler. Bu ýagdaý daýhanlaryň garyp düşmegine, obalaryň tozmagyna, pagta söwdasynyň hökümetdäki adamlaryň ýapyk biznesine öwrülmegine getirdi diýip, ýagdaýdan habarly hünärmen aýtdy.
Öňki prezident Saparmyrat Nyýazow ölmezinden öň öz oba syýasatynyň başa barmazlygyny "häkimleriň haramlyklary" diýilýän bilen düşündirdi. Ählumumy korrupsiýa Berdimuhamedow döwründe has çuňladşdy we ýurt üç ýyl bäri tas açlyk ýagdaýynda ýaşaýar diýip, anonimlik şertinde gürleşen hünärmen sözüniň üstüni ýetirdi.
"Häzir 100 gektarlap ýer alýan adamlar ýerli emeldarlaryň dogan-garyndaşlary, olar almadyk hasyllaryny aldym diýip görkezip, döwletden ogurlan kanunlaşdyrýarlar. Aslynda Lebapda her gektary 200 sentner ýeralma hasylyny berýän ýer ýok, howa yssy, köp bolanda 50 sentner hasyl alsaň zor boldugyň. Lebapda ýerlama ekilen ýerleriň ekininiň tas ýarysy yssydan gurady, TDH-nyň diýýän 200 sentner hasylyny Orsýetde, salkyn ýurtlarda alyp bolýar" diýip, lebaply hünärmen ýagdaýy düşündirdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.