Dünýädäki durnuksyzlyk, ýurtlaryň durmuşyny düýpgöter üýtgeden koronawirus pandemiýasy, tebigy hadysalar we soňky onlarça ýylyň dowamyndaky iň agyr ykdysady çökgünlilik döwründe türkmen hökümetiniň problemalar barada dymmagy we ýurt içinde agyrlaşýan ýagdaýy boýun almazlygy türkmen jemgyýetinde närazylygy tutaşdyrdy. Ýurduň içinde we daşynda syýasy aktiwlik, oppozision pikirler güýçlenýär, protest çykyşlar köpelýär. Türkmenistanyň daşynda oppozision partiýalar döreýär. Azatlyk Radiosynyň şu günki söhbetdeşi “Türkmenistanyň demokratik saýlawy” atly syýasy hereketiň lideri Myrat Gurbanow.
Täze syýasy hereket türkmen režimine garşy işleşmek planyny hödürleýär