Täjigistanyň garaşsyz “Asia Plus” habar gullugynyň žurnalistine golaýda iki adamyň ölmegine sebäp bolan ýer süýşmesi barada habar bereninden soň, gysga wagtda ikinji gezek hüjüm edildi.
Abdulloh Ghurbati Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde 29-njy maýda Hatlon sebitiniň günortasynda özüne üç adamyň hüjüm edendigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, hüjüm ol adamlaryň biri özüni oba başlygy hökmünde tanadyp, žurnalisti "prowokatorlykda" aýyplanyndan soň başlanypdyr.
“Men ýer süýşmeginden ejir çeken adamlar hakda material taýýarlaýan habarçydygymy düşündirmekçi bolamda, olaryň biri duýdansyz ýüzüme urdy we ýykylanymdan soňam urmagyny dowam etdirdi" diýip, Ghurbati hüjümçileriň soňra awtoulaga münüp gidendiklerini, olaryň ulag modelini we döwlet belgisini ýatda saklandygyny gürrüň berdi.
Ghurbati hüjümiň öňünden meýilleşdirilendigine we onuň öz professional işi bilen baglanyşykly bolup biljekdigine ynanýandygyny aýtdy. Şeýle-de ol ýerli polisiýa şikaýat edendigini sözüne goşdy.
23 ýaşly habarçy üç hepdä ýeter-ýetmez öň Täjigistanyň paýtagty Duşenbede hem iki sany ýüzi perdeli adamyň hüjümine sezewar boldy.
Ghurbati şondan soň näbelli şahslardan birnäçe gezek jaň gelendigini, olaryň hökümetiň käbir işlerine, şol sanda ýurtda koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak baradaky tagallalaryna şübhelenýän makalalary üçin haýbat atandyklaryny aýtdy.