Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ “Talybanyň” borçnamalaryny berjaý etmeýändigini aýdýar


ABŞ-nyň goranmak sekretary Mark Esper
ABŞ-nyň goranmak sekretary Mark Esper

ABŞ-nyň goranmak sekretary Mark Esper “Talyban” toparynyň öz üstüne alan borçnamalaryny berjaý etmeýändigini aýtdy. Jeňçileriň amala aşyrýan hüjümleri şu ýyl “Talyban” bilen Waşingtonyň arasyndaky baglaşylan ylalaşyga hem howp salýar.

Katardaky uzak wagtlap dowam eden gepleşiklerden soň, 29-njy fewralda “Talyban” bilen ABŞ-nyň arasynda Owganystandaky gazaplylygy azaltmak we owgan hökümeti bilen 18 ýyllyk urşy togtatmak ugrunda gepleşiklere başlamak barada ylalaşyk baglaşylypdy. Emma, şondan bäri jeňçiler öz hüjümlerini ýaýbaňlatdylar.

5-nji maýda ABŞ-nyň goranmak sekretary Mark Esperden “Talybanyň” ylalaşygyň şertlerini berjaý edip-etmeýändigi soralanda, ol “Men beýle pikir etmeýärin” diýip, jogap berdi. Ol owgan hökümetiniň hem öz borçlaryny berjaý etmeýändigini çaklaýandygyny aýtdy.

Owgan hökümeti ABŞ bilen “Talybanyň” arasyndaky ylalaşyga gatnaşmandy. Emma ylalaşygyň şertlerine görä, Kabul owganara gepleşikleriň öňüsyrasy ynamy artdyrmak maksady bilen, tussaglykdaky 5 müň “Talyban” jeňçisini azatlyga goýbermelidi.

Esper owgan hökümetiniň we “Talybanyň” “bir ara gelip, kesgitlenen borçnamalar boýunça öňe ilerlemelidiklerini” aýtdy.

XS
SM
MD
LG