Türkmenistanyň Lebap welaýatyna gelen weýrançylykly apy-tupandan soň, türkmen häkimiýetleriniň bu ugurda häzirki güne çenli dymyşlygy saklaýan pursady, daşary ýurtlardaky türkmen partiýalary we toparlary munuň bilen baglylykda görülmeli zerur çäreleriň sanawyny düzüp, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna ýüzlenme kabul etdiler.
Bu baradaky beýanata gol goýanlaryň biri hem bosgunlykdaky Respublika partiýasynyň lideri Nurmuhammet Hanamowdyr. Ol Azatlyk Radiosy bilen telefon söhbetdeşliginde kabul eden ýüzlenmeleri barada gürrüň berdi.