Türkmenistanyň bankomatlarynda nagt ýetmezçiligi ýitileşen mahaly, Lebap we Balkan welaýatlarynyň ýaşaýjylary öz kartlaryndaky puly nagtlaşdyrmagyň täze usulyny oýlap tapdylar.
Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän habarçysynyň tassyklamagyna görä, şu günler lebaplylaryň we balkanlylaryň onlarçasy uly söwda dükanlarynyň öňünde üýşýär. Olar bu ýere nagt pulda söwda etmek üçin baran adamlara öz kartlary bilen tölemegi we şol möçberdäki maliýe serişdesini özlerine nagt görnüşinde bermegi haýyş edýärler.
"Lebabyň Türkmenabat şäherindaki "Kämil", "Jeýhun" we "Rysgal" ýaly uly supermarketleriň daşynda, girelge öňünde her gün 50-70 töweregi adamy görse bolýar. Olar bu söwda merkezlerine nagt pulda söwda etmäne gelen hyrydarlary saklap, olardan näçe söwda etse-de öz kartlarynda tölemegi we özlerine nagt puly gaýdyp bermegi ýalbaryp soraýarlar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 23-nji aprelde gürrüň berdi.
Ol ýagdaýa düşünýän hyrydarlaryň muňa razy bolýandygyny, ýogsa-da haýyşlaryň netijesiz tamamlanýandygyny belledi.
Habarçy edil şuňa meňzeş ýagdaýlaryň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde hem gaýtalanýandygyny sözüniň üstüne goşdy.
"Bu ýagdaý Türkmenbaşyda geçen aýyň ortalaryndan, Türkmenabatda şu aýyň başyndan bäri dowam edýär. Sebäbi bu şäherlerdäki bankomatlarda nagt pul tapmak gaty kyn. Olaryň tas ählisinde pul ýok. Käbir adamlar banklarda tanyş tapyp, kartyňy berip, 10 gün diýende diňe 500 manat çemesi pul nagtlaşdyryp bilendiklerini aýdýarlar" diýip, habarçy belledi.
Türkmenistan indi üç ýyl çemesi wagt bäri öz garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady kynçylyklarynyň birini başdan geçirýär. Bu kynçylyklaryň fonunda bankomatlarda nagt ýetmezçiligi, munuň bilen bagly olaryň öňünde adamlaryň uly nobatlary, şeýle-de azyk ýetmezçiligi dowam edýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary koronawirus global pandemiýasy bilen bagly aladalaryň fonunda, beýleki kynçylyklar bilen bir hatarda, ýurtdaky maliýe ýetmezçiliginiň has-da ýitileşendigini habar berýärler. Bankomatlaryň tas ählisinde nagt tapdyrmaýandygy sebäpli, käbir raýatlaryň geçen aýdaky zähmet haklaryny hem nagtlaşdyryp bilmeýändigi aýdylýar.
Geçen hepde Azatlyk Radiosynyň habarçysy Tejen şäherinde käbir adamlaryň pulsuzlykdan halys ýadap, hususy dükanlara baryp, kartlaryndaky puly nagtlaşdyryp bermegi soraýandygyny habar berdi. Ýöne ol dükan eýeleriniň bu hyzmat üçin nagtlaşdyrylan puluň 10%-ni alyp galýandygyny hem aýtdy.
Bu habarlaryň fonunda, ýurtda kartlar arkaly nagt däl bank amallaryny amala aşyrmak hem kynlaşýar. Ýurtda diňe çäkli sandaky dükanda kartlar bilen söwda edip bolýar.
Belläp geçsek, türkmen banklary tarapyndan berlen kartlardaky puly nagtlaşdyrmak bilen bagly kynçylyklary diňe ýurduň içindäki raýatlar däl, eýse daşary ýurtlarda okaýan türkmenistanlylar hem başdan geçirip gelýärler.
Soňky iki ýylyň dowamynda Azatlyk Radiosy Ukraina, Russiýa ýaly ýurtlardaky türkmenistanly studentleriň türkmen banklary tarapyndan berlen kartlaryndaky maliýe serişdesini nagtlaşdyryp bilmeýändigi barada ençeme gezek habar berdi.
Şonda türkmen studentleriniň söwda merkezlerine baryp, bu ýere nagt pulda söwda etmäge baran adamlardan öz kartlary bilen tölemegi we şol möçberdäki maliýe serişdesini özlerine nagt görnüşinde bermegi haýyş edýändigi mälim bolupdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.