Koronawirus pandemiýasynyň dünýäde adamlary distansiýa saklamaga mejbur edýän wagtynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda ýüzlerçe adam futbol boýunça milli liganyň oýnuna tomaşa etmek üçin stadiona jemlendiler.
Gysga arakesmeden soň Türkmenistan sekiz komandadan ybarat futbol oýunlaryna başlady. Birinji oýunda "Altyn Asyr" we "Köpetdag" komandalary duşuşdy.
Sport ministrligi futbol möwsümine başlamak baradaky kararyň "janköýerler armiýasyny begendirendigini" we sportsmenler tarapyndan makullanandygyny aýtdy.
Türkmenistanyň häkimiýetleri koronawirus keseliniň ýurtda ýokdugyny aýdýarlar. Muňa garamazdan, hökümet 19-njy martda paýtagty ýapdy. Resmiler we döwlet habar beriş serişdeleri munuň sebäbini köpçülige düşündirmedi. Häkimiýetler ýurtda koronawirusy agzan adamlary yzarlaýarlar, ilatyň infeksiýadan goranmagy üçin maska dakynmagyny gadagan edýärler.