Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede ýasama arakdan zäherlenip ölenleriň sany 55 adama ýetdi, başga-da alty hassanyň ykbaly nämälim galýar


Stambulyň “Kilýos” gonamçylygy
Stambulyň “Kilýos” gonamçylygy

Türkiýede ýasama arakdan ýogalan adamlaryň sany 2-nji aprelde 55 adama ýetdi diýip, "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri habar berýär.

Neşiriň 2-nji aprelde çap eden habarynda öý şertlerinde ýasalan arakdan zäherlenip, keselhana ýerleşdirilen başga-da alty türkmenistanlynyň ykbalynyň häzirlikçe nämälimdigi hem bellenilýär.

Martyň ortalarynda Stambulda koronawirusdan goranmak üçin ýasama arak içip, onlarça türkmenistanlynyň zäherlenip ölendigi barada Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri hem-de türk habar serişdeleri maglumat beripdiler. Şonda başga-da 30-dan gowrak türkmenistanlynyň keselhana ýerleşdirilendigi, olaryň aglabasynyň saglyk ýagdaýynyň agyrdygy aýdylypdy.

"Şu gün Stambulyň etegindäki "Kilýos" gonamçylygynda jaýlananlaryň sany 55 adama ýetdi.. Mazarlaryň 38 sanysynda jaýlananlaryň ady we familiýasy, birinde diňe ady bar. 17 sany mazarda bolsa, diňe san, bellik goýlupdyr" diýip, neşir mazarlarda şahsyýeti görkezilen türkmenistanlylaryň ady we familiýasyny hem çap etdi.

Aýdylmagyna görä, jaýlamak we mazarlary tertipleşdirmek işleri üçin heläk bolanlaryň dogan-garyndaşlaryndan pul ýygnaldy. Şeýle-de, käbir adamlar haýyr-sahawat üçin pul goşdular.

Geçen hepde ýogalanlary jaýlamaga gatnaşan türkmen raýaty Azatlyk Radiosy bilen telefon gürrüňinde Stambulda ýasama arakdan ýogalanlaryň sanynyň 28-nji martda 53 adama ýetendigini habar beripdi.

Şonda ol zäherlenen adamlaryň ählisiniň koronowirus ýokuşmagyndan gorky-howatyr edip, dowla düşendigini we özlerine elýeterli bolan arzan araklary diňe içip oňman, endamlaryna hem çalandygyny gürrüň berdi.

Türk metbugatynyň soňky maglumatlaryna görä, lukmanlar türkmenistanly zähmet migrantlarynyň ýasama arakdan ölendigini tassykladylar. Şeýle-de, bu waka bilen baglylykda bäş adam "bilkastdan adam öldürmek ähtimallygynda" aýyplanýar.

Azatlygyň çeşmeleri pidalaryň garyndaşlarynyň ýogalanlaryň jesetlerini Türkmenistana getirmek synanyşyklarynyň koronawirus syýahat çäklendirmeleri we serhet ýapylmalary sebäpli başa-barmandygyny habar beripdi.

Şol bir wagtda, çeşmeler Türkiýedäki türkmen konsulhanasynyň işgärleriniň Aşgabatdan görkezmäniň ýokdugyny aýdyp, merhumlaryň jesetleriniň Türkmenistana getirilmegi barada hiç bir çäre görüp bilmändigini hem bellediler.

Munuň yzýany, türkmenistanlylaryň Stambulyň Saryýer etrabynyň "Kilýos" Musewi gonamçylygynyň kimsizler böleginde, dogan-garyndaşy ýok adamlaryň depin edilýän ýerinde jaýlanyşyny görkezýän wideolar peýda boldy.

Bu aralykda, "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri özüniň Türkiýedäki habarçysyna salgylanyp, türkmen ilçisiniň Stambulyň häkimiýetlerine hat iberip, olardan türkmenistanlylaryň sadaka ýa-da beýleki maksatlar üçin üýşmegine rugsat berilmezligini sorandygyny habar berdi.

"Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary saklamagyň, diplomatik we syýasy hyzmatdaşlygy ösdürmegiň hatyrasyna, türkmenleriň sadaka däp-dessurlary bahanasy bilen türk häkimiýetleri tarapyndan rugsat berilmedik ýörişleri we beýleki çäreleri geçirmek üçin gonamçylykda we beýleki ýerlerde ýygnanmagyna ýol bermezligiňizi haýyş edýärin. Şeýle synanyşyklar edilse, Türkiýäniň kanunlaryny bozanlar öz watanynda - Türkmenistanda berk, ýöne adalatly jeza bilen ýüzbe-ýüz bolarlar" diýip, neşir 2-nji aprelde çap eden maglumatynda hatyň bir bölegini köpçülige äşgär etdi.

Azatlyk Radiosyna bu maglumaty Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasyna tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady.

Mundan öň sosial ulgamlarda türkmen howpsuzlyk gulluklarynyň işgärleriniň zäherli arakdan ölen türkmenleriň ýas çärelerine gözegçilik edýändigi hakynda maglumat peýda bolupdy.

27-nji martda “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri ýas çäreleriniň guralýan öýleriniň ýanyna “Toyota Camry” ýa-da “Toyota Corolla” markaly awtoulaglaryň gelip durýandygyny we olaryň içinde oturan adamlaryň bolýan zatlara gözegçilik edýändigini habar beripdi.

Türkmenistanyň resmileri we habar serişdeleri onlarça türkmen raýatynyň Türkiýede heläk bolandygy barada häzire çenli kelam agyz söz aýtmadylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG