Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan pandemiýanyň arasynda köpçülikleýin sport çärelerini geçirýär


Aşgabatda 3 müň 500 adam “sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydyklaryny görkezmek” üçin welosipedli ýöriş geçiripdir.
Aşgabatda 3 müň 500 adam “sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydyklaryny görkezmek” üçin welosipedli ýöriş geçiripdir.

Dünýä ýurtlarynyň koronawirusyň ýaýramagyny haýallatmak maksady bilen adamlaryň arasyndaky sosial aralygyň saklanmagy ugrunda tagalla edýän pursady, Türkmenistan Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin sport çärelerini geçirýär.

Türkmenistan koronawirus bilen ilteşikli ýeke ýagdaýyň hem hasaba alynmandygyny aýdýar we bu pandemiýa baradaky islendik gürrüňleri sem etmäge synanyşýar.

7-nji aprelde döwlet telewideniýesinde awtoritar prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň resmileriniň bir topary bilen at üstünde gezelenç edýän pursatlary görkezildi. Ol koronawirusy ilkinji gezek geçen hepde agzapdy.

Resmi maglumata görä, Aşgabatda 3 müň 500, ýurduň beýleki künjeklerinde hem 7 müň adam, türkmen mediasynyň sözleri bilen aýdylanda “sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydyklaryny görkezmek” üçin, welosipedli ýöriş geçiripdirler.

Döwlet telewideniýesinde başga-da köpçülikleýin sport, şol sanda gimnastika, dzýudo, boks we göreş çärelerinden pursatlar görkezildi.

Azatlygyň ozal-da habar berişi ýaly, Aşgabatda köpçülikde koronawirus barada gürrüň edýänler raýat eşigindäki adamlar tarapyndan ýygnalyp başlandy.

XS
SM
MD
LG