Dünýäde koronowirus ýokuşanlaryň 150 müňden geçdi, Hytaý, pandemiýanyň başlanan ýurdy, täze kesel ýokuşanlaryň sanynyň azalýandygyny habar berýär.
Täze Zelandiýa 14-nji martda hökümetiň ýurda gelýän ýolagçylaryň ählisiniň, şol sanda ýurt raýatlarynyň hem, az sanly kadadan çykmadan başga ýagdaýda, özlerini 14 günläp izolýasiýa, çäklendirilen ýagdaýa salmalydygyny yglan etdi.
Premýer-ministr Jacinda Ardern 16-njy martdan güýje girýän täze çäreleri, dünýädäki iň bir berk serhet çäklendirmeleriniň birirnäçesini ulanmaga çagyrdy.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp 13-nji martda, ýurduň bu wirusdan 50 adamyň ölendigini habar bermegi bilen, adatdan daşary ýagdaý yglan etdi. "Biz bu howpy ýeňeris” diýip, Tramp metbugat ýygnagynda aýtdy.
Şu aralykda Hytaýda, ýurduň Milli saglyk komissiýasynyň tassyklamagyna görä, COVID-19 hassalygynyň ýaýraýyş depgini kesgin aşak gaçýar.
Italiýada, wirusyň Ýewropada iň kän ýaýran ýurdunda, 13-nji martda ýokanç wirusyň ýokuşmagy güýçlenip, 2500-den gowrak adama ýokuşdy we bir günde wirus bilen baglylykda 250 adam öldi.
Ukraina 17-nji martdan başlap, ýolagçy uçarlarynyň ählisiniň gatnawyny togtatjakdygyny aýtdy.
Bütindünýä Saglyk guramasynyň başlygy 13-nji martda Ýewropa indi “pandemiýanyň episentrine” öwrüldi diýdi.