Epidemiýanyň fonunda Hytaýyň baş gaz alyjysy – PetroChina ýurda import edýän tebigy gazynyň, şol sanda suwuklandyrylan gazyň möçberini azaldýandygyny yglan etdi. Bu barada Reuters habar agentligi senagat pudagyndaky dört çeşmesine salgylanyp habar berýär.
Kompaniýanyň alan kararynyň haýsy möhlete çenli dowam etjekdigi hem-de onuň azaldýan gaz importynyň göwrümi mälim däl.
Ýagdaýdan gönüden-göni habarly çeşme Reuterse beren maglumatynda, gaz importlaryny azaltmak barada kompaniýanyň alan täze kararynyň, hususan-da, gaz geçiriji arkaly Hytaýa mawy ýangyç satýan müşderilere täsir etjekdigini aýtdy.
PertroChina gaz geçiriji arkaly satyn alýan gazynyň gündelik möçberini azaldar diýip, çeşme aýtdy.
Hytaý Türkmenistanyň iň esasy gaz alyjysydyr.
6-njy martda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýer bu täzeligiň Türkmenistan üçin erbet habardygyny aýtdy.
Ekspert Hytaýyň import edýän gazyny azaltmagynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetine täsir ýetirjekdigini aýtdy:
“Bu Türkmenistan üçin uly waka. Hytaýa iberilýän gaz bilen Türkmenistan ondan alan algysyny yzyna töleýär. Hytaýyň gaz importyny azaltmagy diýmeklik, Türkmenistan üçin girdejiden galmak diýmekdir. Ýöne bu diňe bir Türkmenistanyň girdejiden galmagy diýmek däldir, eýsem, onuň karz üçin öňki töleýän puluny wagtynda yzyna töläp bilmejegini aňladýar” diýip, Panniýer aýtdy.
PetrtoChina kompaniýasynyň ýurda import edýän gazynyň 70 göterimi Merkezi Aziýadan, Mýanmardan we Russiýadan üpjün edilýär.
Uzynlygy 1833 kilometrlik Merkezi Aziýa – Hytaý gaz geçirijisiniň üsti bilen Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň mawy ýangyjy Hytaýa iberilýär.
Ýyllyk kuwwatlylygy 55 milliard kub metr gaz ibermäge ukyply bolan geçirijiniň üsti bilen Türkmenistanyň Hytaýa ýyllyk 35 milliard kub metr töweregi gaz satýandygy çak edilýär.
“British Petroleumyň” (BP) maglumatlaryna görä, Türkmenistan 2017-nji ýylyň dowamynda Hytaýa 31.7 milliard kub metr gaz iberdi.
Hytaýyň Türkmenistandan satyn alýan gazynyň bahasy barada anyk resmi sanlar aýdylmaýar, ýöne synçylar Hytaýyň 1000 kub metr gaz üçun Türkmenistana 185 dollar töweregi töleg töleýändigini hasaplaýar.
Hytaýyň ýurda import edýän gazynyň möçberini azaltmak barada gelen netijesiniň Türkmenistanyň bu ýurda eksport edýän gazynyň näçe göterimine täsir etjekdigi mälim däl.
Türkmenistan 2009-njy ýyldan bäri Hytaýa tebigy gaz iberýär. Hytaýyň CNPC korporasiýasy Türkmenistanyň “Bagtyýarlyk” we “Galkynyş” gaz känlerini özleşdirýär.
“Bagtyýarlyk” tebigy gaz käni Türkmenistanyň gündogar sebitinde ýerleşýär. 2007-nji ýylyň iýul aýynda Türkmenistan Hytaýyň Milli nebit korporasiýasyna (CNPC) “Bagtyýarlyk” gaz ýatagyny 30 ýyl möhlete çenli özleşdirmek boýunça rugsat berdi. Kompaniýa “Galkynyş” gaz ýatagyny 2009-njy ýylyň dekabr aýyndan bäri özleşdirýär.
Türkmenistan, Hytaýdan daşgary, häzirki wagtda geçen ýyl baglaşylan täze ylalaşyk esasynda öz gazyny ýyllyk 5.5 milliard kub metr möçberde Russiýa eksport edýär.
PetroChina kompaniýasy Hytaýyň döwlet eýeçiligindäki Milli nebit korporasiýasynyň (CNPC) şahamçasydyr.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.