ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, eger-de Eýran tarapy degişli haýyş bilen ýüz tutsa, onda Birleşen Ştatlaryň Tähranyň koronawirusa garşy alyp barýan tagallalaryna hemaýat bermäge taýýardygyny aýtdy.
“Eger-de, biz bu mesele boýunça eýran halkyna kömek edip bilsek, biz muny gürrüňsiz ederis... Olaryň bary-ýogy muny soramagy gerek” diýip, Tramp 29-njy fewralda çykyş etdi.
“Biz ýokary derejeli hünärmenlerimizi ol ýere ugradarys” diýip, Tramp Eýrany göz öňünde tutup aýtdy.
Eýran Ýakyn Gündogar sebitinde wirusyň esasy ojagyna öwrüldi.
Bellesek, ABŞ-nyň Eýran bilen 1980-nji ýyldan bäri diplomatiki gatnaşygy ýokdur.
Waşington bu krizis boýunça hemaýat bermäge taýýardygy barada, Tährany resmi taýdan habarly edendigini aýtdy.
Eýranda COVID-19 wirusyndan ölenleriň umumy sany 43-e, oňa ýoluganlaryň sany hem 593-e ýetdi.