Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak polisiýasy oppozisiýa ýörişine gelen 100-den hem aşa adamy saklady


Polisiýa ýüzden hem aşa adamy saklady. Almaty. 22-nji fewral.
Polisiýa ýüzden hem aşa adamy saklady. Almaty. 22-nji fewral.

Gazagystanyň Almaty we beýleki şäherlerinde polisiýa 22-nji fewralda oppozisiýa ýörişlerine gatnaşmaga gelen ýüzden hem aşa adamy saklady.

Polisiýa hasaba alynmadyk Demokratik Partiýanyň tarapdarlaryny saklaýan pursady, aktiwistler “Azatlyk!” diýip gygyrdylar.

Polisiýa ir bilen ýörişiň geçirilmegi planlaşdyrylýan şäheriň merkezi meýdançasynyň daş-töweregine ýerleşdirildi. Olar sebitiň daşyny gabap, töwerekden geçip barýan pyýadalaryň hem ençemesini sakladylar.

Gazagystan demonstrasiýalary düzgünleşdirýän çäklendiriji kanunlary üçin köp wagtdan bäri tankytlanýar.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew 2019-njy ýylda häkimiýet başyna gelende reformalary geçirmegi söz beripdi. Mundan ozalky prezident Nursultan Nazarbaýew ýurda 30 ýyl çemesi ýolbaşçylyk edipdi.

Ýörişden bir gün öň, hasaba alynmadyk Demokratik Partiýanyň lideri Žanbolat Mamaý tussag edildi we üç gün möhlet bilen administratiw tussaglyga ýerleşdirildi.

22-nji fewralda saklananlaryň arasynda Mamaýyň aýaly – Inga Imanbaý hem bardy.

XS
SM
MD
LG