Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Söýgi hakynda'. Aşgabatda aşyklar güni konsert bilen bellendi


"Söýgi hakynda" atly baýramçylyk konserti, Aşgabat, 15-nji fewral, 2020
"Söýgi hakynda" atly baýramçylyk konserti, Aşgabat, 15-nji fewral, 2020

15-nji fewralda Aşgabadyň Nebit-gaz medeni merkezinde "Söýgi hakynda" atly baýramçylyk konserti geçirildi. Ýaşlar orkestriniň gatnaşmagyndaky bu medeni çärä Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy tomaşa etdi.

"Söýgi hakynda" atly baýramçylyk konserti, Aşgabat, 15-nji fewral, 2020
"Söýgi hakynda" atly baýramçylyk konserti, Aşgabat, 15-nji fewral, 2020

- Aşyklar gününe bagyşlanan baýramçylyk konserti Resul Gylyjowyň ýaşlar kamera orkestriniň ýerine ýetirmeginde uly üstünlik bilen geçdi. "Söýgi hakynda" atly konsert diňe bir konsert bolmady, eýse zehinleriň täsir galdyryjy bir tomaşasyna öwrüldi, instrumental sazyň, wokalyň, şygryýetiň, tansyň we pantomimanyň utgaşmagynda ekranda inçeden saýlanan wideo şekilleriň görkezilmeginde geçirildi. Konserti minnetdar tomaşaçylar bir demde gördüler - diýip, konserte tomaşa eden habarçymyz gürrüň berýär.

Onuň sözlerine görä, zal tomaşaçylardan doly bolup, has köp adam üçin goşmaça oturgyçlar hem ýerleşdirilipdir. Tomaşaçylaryň arasynda hem ýerli ýaşaýjylar, hem-de daşary ýurtlular köp bolupdyr. Konsertiň barşynda hem türkmen klassykasynyň eserleri, hem-de daşary ýurt kinematografiýasynyň meşhur eserleriniň aýdym-sazlary ýerine ýetirilipdir.

'Söýgi hakynda'. Aşgabatda aşyklar güni konsert bilen bellendi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:02 0:00

- Bu wagtyň duýulman geçýän bir pursatlarynyň biri boldy. Konsertiň esasy temasy Robert Roždestwenskiniň "Bar zat söýgüden başlanýar" atly goşgusy boldy, ony artist Wasiliý Andronow ýerine ýetirdi. Ol konserti aktrisa Anuş Potarak bilen bilelikde liriki setirler esasyndaky dialog bilen utgaşdyryp alyp bardy. Sahnada dünýäniň belli aýdym-saz eserleri bir-birini çalşyp durdy - diýip, habarçymyz eserleri Aleksandr Koçetow, Nury Nuryýew, Leýli Okdyrowa, Maýsa Nyýazowa ýaly aýdymçylaryň, şeýle-de gitaraçy Ýusup Ysmailowyň we "Art Motion" atly tansçylar duet toparynyň ýerine ýetirendigini gürrüň berdi.

Aşgabatdaky habarçymyzyň sözlerine görä, klassyky eserleriň, şol sanda türkmen klassykasynyň ýerine ýetirilmegi tomaşaçylar tarapyndan aýratyn höwes bilen kabul edilipdir.

- Türkmen klassygy Çary Nurymowyň "Söýgi aýdymy" Leýli Okdyrowa tarapyndan ýerine ýetirildi. Bethoweniň "Aý sonatasynyň" orkestr tarapyndan ýerine ýetirlip, söýgi hasratyndan ejir çekýän arlekin - masgarabazyň pantomimasy bilen bilelikde döredijilikli berjaý edilmegi tomaşaçylarda iňňän uly tolgunma döretdi. Konserti Pol Marianyň aranžirowkasyndaky "Tiganoçka" tamamlady, onuň bir bölegini tomaşaçylaryň islegi boýunça gaýtalap ýerine ýetirdiler - diýip, habarçymyz gürrüň berýär.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary soňky ýylyň dowamynda paýtagtda klassyky we estrada konsertleriň sanynyň köpelendigini, ýerli sazandalaryň we aýdymçylaryň ýerine ýetirmeginde dürli žanrlaryň, sazçylyk mümkinçilikleriniň giňelendigini kanagatlanma bilen belleýärler. Saz muşdaklaryny konsertleriň repertuarynyň dürlüligi we çeperçiligi özüne çekýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG