Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebaplylar toguň yzygiderli kesilmeginden şikaýat edýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Şu günler Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň we Farap etrabynyň käbir daýhan birleşikleriniň ýaşaýjylary elektrik togunyň yzygiderli kesilmeginden şikaýat edýärler.

“Türkmenabatda we onuň golaýyndaky ýaşaýyş nokatlarynda, şeýle-de Farabyň ‘Magtymguly’, ‘Jeýhun’ we ‘Jendi’ daýhan birleşiklerinde elektrik togunyň kesilmegi bilen bagly problemalar köpeldi. Türkmenabatda tok kesilenden bir sagat çemesi soňra gaýtadan berilýär. Ýöne Farabyň daýhan birleşiklerinde ýaşaýjylar günüň dowamynda azyndan 4-6 sagat toksuz kösenýärler” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 7-nji fewralda gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, toguň kesilmegi bilen bagly wakalar soňky hepdelerde ýüze çykýar. Ýöne şu hepdäniň dowamynda bu wakalar has-da ýygjamlaşdy.

“Şu hepde Türkmenabatda birinji günden başlap tä dördünji güne çenli her gün tok kesildi. Bu azyndan 4 sapar gaýtalandy” diýip, habarçy belledi.

Aýdylmagyna görä, ýaşaýjylar elektrik energiýasy kesilende diňe toksuz däl, eýse suwsuz we ýyladyş ulgamsyz hem kösenýärler.

“Türkmenabatdaky köp gatly jaýlaryň ençemesine suw çykmaýar. Şonuň üçin adamlar elektrik bilen işleýän nasos arkaly öýlerine suw çekýärler. Şeýlelikde, adamlaryň elektrik togy kesilende, suwy hem kesilýär. Şeýle-de, Farabyň 8, 17 we 24-nji orta mekdeplerinde ýyladyş ulgamlary elektrik nasoslary bilen işledilýär. Tok kesilende, bu mekdepleriň ýyladyş ulgamlary hem işlemeýär” diýip, bu barada lebaplylaryň onlarçasy bilen söhbetdeş bolan habarçy aýtdy.

Lebap welaýatynyň häkimiýetleri elektrik togunyň kesilmeginiň sebäpleri barada ilat köpçüligine düşündiriş bermeýär. Farabyň elektrik edarasynyň telefon belgileri öçük bolup, hiç kim jogap bermeýär diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň Lebapda toguň kesilmegi we onuň sebäpleri barada Türkmenabat şäher hem-de Farap etrap häkimliklerinden kommentariý almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Lebap welaýatynda toguň kesilýändigi baradaky habarlar, Türkmenistanda täze döwletara elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygyna başlanylmagyndan bir hepde soňa gabat geldi.

1-nji fewralda TDH Marynyň Serhetabat etrabynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ýokary woltly elektrik geçirijisiniň ýurduň çäklerinden geçýän böleginiň düýbüniň tutulyş dabarasynyň bolandygyny yglan etdi.

“Bu geçirijiTürkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň ähli düzümleýin desgalaryny energiýa bilen üpjün eder we elekroenergiýany Pakistana hem-de Owganystanyň üsti bilen Günorta Aziýanyň beýleki ýurtlaryna eksport etmäge mümkinçilik berer” diýlip, habarda aýdylýar.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda öndürilýän we daşary döwletlere eksport edilýän elektrik energiýasynyň mukdary baradaky statistiki maglumatlary ilat köpçüligine mälim etmeýär.

Ýöne türkmen resmileri “ýurtdaky durmuş desgalarynyň elektroenergiýa bilen durnukly üpjün edilýändigini aýdyp, energetika senagatynyň depginli ösüşiniň onuň eksportuny artdyrmaga ukyplydygyny” tekrarlaýarlar.

Muňa garamazdan, Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň şäher, etrap we oba ýerlerinde ilatyň elektrik energiýasynyň kesilmegi bilen bagly ýagdaýlaryň ýygy-ýygydan gaýtalanýandygyny habar berýärler.

Şeýle-de, olar 100-200 metr gapdalyndan kuwwatly elektro stansiýa gurlup, henizem elektrik togy çekilmedik obalaryň bardygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG