Pakistanyň uniwersitetinde student gyzlara dodagyny boýap, okuw jaýyna girmek gadagan edildi. Bu gadagançylyk diňe bir uniwersitetiň özünde däl, jemgyýetde uly närazylyk döretdi.
«Student gyzlara dodak pomadasyndan peýdalanmak rugsat edilmeýär.»
Bu Kaşmiriň Pakistanyň kontrollygynda ýerleşen uniwersitet administrasiýasynyň çykaran kararyndan bir sözlem.
«Eger (pomada bilen) boýalan bolsalar, olara şol ýeriň özünde jerime salnar» diýlip, Kaşmirdäki Azad Jammu uniwersitetiniň buýrugynda görkezilýär. Düzgüni bozanlara uniwersitetiň administrasiýasy tarapnyndan 100 rupiýa (0,65 $ çemesi) jerime salnar.
Şu ýylyň 21-nji ýanwarynda ýaýradylan bu buýruk Pakistandaky sosial ulgamy ulanyjylarda uly närazylyk döretdi, aýratyn-da studentler hem ynsan hukuklaryny goraýjylar bu gadagançylygyň okuwçylaryň hukuklaryny kemsidýändigini aýtdylar.
Gadagançylyk sosial ulgamda gaharly duýgy-garaýyşlary emele getirdi. Muňa graždan aktiwistleri dindar hem konserwatiw sebitlerde aýallaryň hukugyny kemsitmegiň ýene bir serişdesi hökmünde garadylar.
27-nji ýanwarda, megerem, tolgunyşygyň güýçli täsirinden bolsa gerek, uniwersitet şäherjigi ýerleşen Muzaffarabadda ol buýruk ýatyryldy.
Her nähili-de bolsa, bu gadagançylyga Pakistanyň hem Kaşmiriň ilatynyň köplügi musulmanlar bolan okuw jaýlarynda dürli usullar bilen yslam egin-eşigini girizmegiň bir synanyşygy hökmünde garaldy.
«YZA GAÝDYŞ»
Adynyň tutulmazlygyny haýyş eden uniwersitet mugallymynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, auditoriýalarda hem aýallar hajathanalarynda dodak pomadasy bilen çekilen edepsiz suratlar peýda bolansoň, uniwersitetiň administrasiýasy şeýle karara gelipdir. Ol mugallymyň Azatlyk Radiosyna ýollan suratlaryndaky şekiller aýdyň däl, şonuň üçinem suratlaryň hakykydygyny kesgitlemek kyn.
Girizilen gadagançylyk barada uniwersitetiň öňe süren düşündirişi jemgyýetçilik tankydyny köşeşdirip bilmedi.
«Şu bar bolanymy?» diýip, Pakistanyň senatory Şerri Rehman Twitter’de sorag goýdy. «Uniwersitetiň ýolbaşçylary öz wagtlaryny hem güýç-gaýratyny başga gowurak ugra gönükdirmäge çäre tapmadymyka?» diýip, parlamentiň agzasy sorag berýär.
Aýallaryň hukuk goraýjy Aurat March guramasy «azatlygyň daýanjy bolmaly okuw jaýynyň şeýle regressiw hereketi alada döredýär hem studentleriň esasy hukuklaryny bozýar» diýip beýanat etdi.
Pakistanyň GNN telewideniýesiniň reportýory Aşgar Haýat muny «asla kabul ederliksiz» hasaplaýar. «Biziň ýaşlarymyza gowy hilli bilim bermäge derek, administrasiýa dodak pomadasyny gadagan edýär» diýip, žurnalist ýazýar.
Ynsan hukuklaryny goraýjy Ali Kaşmiri bu herekete «göwün islegler azatlygyna garşy ýene bir kast etmek» diýip baha berdi.
KADA SANLAN EGIN-EŞIGIŇ TÖWEREGINDÄKI JEDELLER
Dodaga çalynýan pomadanyň gadagançylygy (örän az wagtlyk bolsa-da) Pakistanda giň çäkdäki jedelleriň döremegine getirdi. Sebäbi birnäçe okuw jaýlary hem uniwersitetler gyzlar üçin berk kada laýyk egin-eşigi girizmäge synanyşýarlar hem olary oglanlardan aýrylykda okatmakçy bolýarlar.
Geçen ýylyň sentýabrynda Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky Haýber-Pahtunhwa welaýatynyň iki şäherindäki okuw jaýlarynda gyzlara tutuş başyny büreýän ýaglyk atynmaga buýruk berildi. Welaýatyň administrasiýa merkezindäki hem Peşawar şäherindäki çinownikler ähli mekdeplere degişli bolan buýruk çykaryp, mekdep ýolbaşçylaryna gyzlaryň başyna ýaglyk atdyrmaga görkezme berdiler, ähli okuwçy gyzlar perenji atynmaly; «bu bürenjek olary ýaramaz hem ýakymsyz gözden goraýar». «Bu meselä örän möhüm hem gaýra goýulmazdan seredilmeli» diýlip, ol buýrukda aýdylýardy.
Mundan öň şuňa meňzeş görkezme Haýber-Pahtunhwa welaýatynyň Haripur şäheriniň etrap bilim bölümine berlipdi.
Bu hereket sosial ulgamda negatiw reaksiýalary döretdi, graždan aktiwistleri ony aýallaryň hukuklaryny çäklendirmegiň ýene bir usuly hökmünde ýazgardylar.
Halkyň gahar-gazaby öjügensoň, hökümetler ol buýruklary ýatyrdy.
Material AÝ/AR-nyň Rus gullugy tarapyndan taýýarlandy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.