Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident wezipesini ýerine ýetirip bilmese, onuň ygtyýarlyklary Halk maslahatynyň başlygyna geçer


Türkmenistanyň Konstitusion toparynyň mejlisi. 29-njy ýanwar, 2020.
Türkmenistanyň Konstitusion toparynyň mejlisi. 29-njy ýanwar, 2020.

“Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky” konstitusion kanunyň taslamasy taýýarlanyldy.

Esasy kanunyň hereket edýän 3-nji bölüminiň 3-nji babyny kämilleşdirmäge üns berildi, taslamada Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň maddalarynyň jemi 25-sine üýtgetme girizmek, 1 maddasyny aýyrmak hem-de 3 sany täze maddany goşmak teklip edilýär diýip, TDH habar berýär.

Täze döredilýän iki palataly parlament, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 29-njy ýanwarda geçirilen mejlisde aýtmagyna görä, “Türkmenistanyň Milli geňeşi” diýlip atlandyrylar, onuň kanun çykaryjy palatasy — Mejlis, wekilçilikli palatasy — Halk maslahaty diýip atlandyrylar.

Azat Adalga: Häkimiýetleriň bölünişigi ýörelgesi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:51 0:00

Döwlet baştutany Halk maslahatynyň agzalarynyň umumy sanynyň 56 adamdan ybarat bolmalydygyny, ýagny her welaýatdan we Aşgabatdan gizlin ses bermek esasynda deň derejede 8 adamyň saýlanjakdygyny, prezident tarapyndan bolsa 8 adamyň belleniljekdigini aýtdy.

Onuň pikiriçe, Halk maslahatynyň agzalygyna 30 ýaşy dolan, ýokary bilimli, soňky on ýylyň dowamynda ýurduň içinde hemişelik ýaşaýan raýat 5 ýyl möhlete saýlanyp we bellenip bilner.

Mejlisiň deputatlary öňki möçberinde (125 adam) 5 ýyllyk möhlet bilen saýlanar.

Şol bir adamyň birbada Milli geňeşiň ýokarky we aşaky palatalarynyň agzasy bolmagy gadagan edilýär.

Şeýle-de, ýurduň prezidenti öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmedik ýagdaýynda, prezident saýlanýança, onuň ygtyýarlyklary Halk maslahatynyň başlygyna geçmeli we bu kada Esasy kanunda öz beýanyny tapmaly diýip, Berdimuhamedow aýtdy.


Mundan başga, prezident Ýokary kazyýetiň başlygyny, Baş prokurory, Içeri işler we Adalat ministrlerini, Halk maslahatynyň razylygyny almak bilen, Türkmenistanyň prezidentiniň wezipä belleýändigini hem-de wezipeden boşadýandygyny Esasy kanunda görkezmeli diýdi.

Mejlisde çykyş edenler, delil getirmezden, Baş kanuna giriziljek üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň halk içinden gowşan teklipleri öwrenmek esasynda taýýarlanylýandygyny, Berdimuhamedowyň iki palataly parlament döretmek barada geçen tomusda eden teklibiniň jemgyýetde giň goldaw tapandygyny tekrarladylar.

Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew bolsa Berdimuhamedowyň ýolbaçşylygynda 2008-nji we 2016-njy ýyllarda amala aşyrylan konstitusion özgertmeleriň “Esasy Kanuny döwrüň talaplaryna gabat getirmäge mümkinçilik berendigini” nygtady.


Emma muňa garamazdan, synçylar Baş kanunyň ýygy-ýygydan üýtgedilmeginiň, döwlet eýeçiligindäki mediada nygtalyşy ýaly, “adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini goramaga” däl-de, bir adamyň we onuň ýakynlarynyň çäksiz hökmürowanlygyny üpjün etmäge gönükdirilendigini aýdýarlar.

Türkmenistanyň bosgunlykda döredilen Respublika partiýasynyň lideri Nurmuhammet Hanamow Azatlyk bilen söhbetdeşlikde bu “kanun üýtgetmeleri diňe ýokary gatlak üçin edilýär, onuň halka hiç bir peýdasy bolmaz” diýdi.

Şeýle-de ol häkimiýeti bir adamyň ýa onuň töwereginiň elinde jemlemegiň medenileşen ýurtlara däl-de, Orsýet, Gazagystan, Türkmenistan ýaly "totalitar ýurtlara" mahsusdygyny, bu praktikanyň ösen demokratik ýurtlaryň tejribelerine ters gelýändigini belledi.

G. Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde dolulygyna çap etmegi tabşyrdy.

Soňra onuň gutarnykly taslamasy taýýarlanar we ol Halk maslahatynyň geljekki mejlisiniň garamagyna hödürlener.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG