Onlarça ýurduň döwlet we hökümet başlyklary Oswensimiň, Auschwitz konsentrasiýa lageriniň ýesrileriniň azat edilmeginiň 75 ýyllygyny bellemek üçin Iýerusalime ýygnandy.
23-nji ýanwarda Iýerusalimiň Ýad Waşem Holokost ýadygärliginiň ýanynda guralan çäre Ýewropada we dünýäniň beýleki ýerlerinde ýewreýlere garşy zorluklaryň güýçlenýän wagtyna gabat geldi.
Bütindünýä Holokost forumyna gatnaşmaga gelen 40-dan gowrak ýokary derejeli myhmanyň arasynda rus prezidenti Wladimir Putin, fransuz prezidenti Emmanuel Makron, Britaniýadan şazada Çarlz, ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pens, Germaniýanyň, Italiýanyň we Awstriýanyň prezidentleri bar.
Bu owalda-ahyrda Holokost pidalaryny hatyralamaga we häzirki zaman anti-semitizmine garşy durmaga gönükdirilen iň uly ýygnanyşyk bolup durýar.
Emma muňa garamazdan, Polşanyň prezidenti Andrzej Duda, Orsýetiň, Fransiýanyň, Britaniýanyň, Birleşen Ştatlaryň we Germaniýanyň wekilleri ýygnananlaryň öňünde söz sözleýän wagtynda özüne çykyş etmek mümkinçiliginiň berilmezliginden nägile bolup,bu ýygnanyşyga gatnaşmakdan ýüz öwürdi.
Ysraýylly guramaçylar bu çärede diňe Ikinji Jahan urşy döwründe ýaran bolan dört ýurduň we Germaniýanyň wekilleriniň söz sözlejekdigini aýtdylar.
Şeýle-de Polşa Putiniň geçen aýda Polşany uruş babatdaky jogapkärçilige şärik edip aýdan sözlerine gahar etdi we 27-nji ýanwarda öz topragynda, ýurduň günortasyndaky Auschwitz-Birkenau ýadygärliginde we Muzeýinde ýatlama çäresini geçirer.
Nazistik Germaniýa uruş ýyllarynda Polşany basyp alan wagtynda, Auschwitz-Birkenau konsentrasiýa lagerinde 1 milliondan gowrak adam öldürildi, köpüsi ýewreý, Holokostda bolsa alty million ýewreý öldi.
Ysraýylyň prezidenti Reuven Rivlin bu çäräniň öňünden guralan kabul edişlikde eden çykyşynda dünýä liderlerini “taryhy taryhçylara goýmaga” çagyrdy.
"Biziň, syýasy liderleriň ählisiniň wezipesi gelejegi işläp düzmekden ybarat” diýip, Rivlin aýtdy.
"Men dünýä liderleri jynsparazlyga, anti-semitizme we ekstremizme garşy göreşde, demokratiýany we demokratik gymmatlyklary goramakda bir-bitewi bolup durarlar diýip umyt edýärin we doga-dileg edýärin... Bu biziň öňümizde duran synag. Bu biziň seçgimiz” diýip, ol aýtdy.
Bu forumyň öňünden Ysraýyla delegasiýa iberen dünýe liderleriniň eden beýanatlarynda, käbirleriniň çakyna görä Ikinji Jahan urşundan öňki ýagdaýlary ýatladýan klimata garşy durmak ideýasy şöhlelendi.
“Men özümiziň hemişelik hüşgärligimiziň we oňyn bilim-düşünjämiziň arkasyndan, öz taryhymyzyň iň bir garaňky döwürleriniň birinde amala aşyrylan adalatsyzlygyň ýer ýüzünden doly süpürilip aýrylmagyna çyndan umyt baglaýaryn” diýip, Rim papasy Fransis ýazdy.
Kanadanyň premýer-ministri Justin Trudeau bolsa, “anti-semitizm belasynyň we ýigrenjiň ýene bir gezek baş göterýändigini” ýörite belläp geçdi.
“Alty million ýewreýiň nasist zalym we anti-semit nasist režim tarapyndan öldürilmegi hukuklaryň ýuwaşlykdan ýoýulmagyndan we kemsitmeleriň kadaly bir zada öwrülmeginden başlandy” diýip, ol ýazdy we wagty geçmegi bilen aýgytlylygyň gowşadylyp, beýle aýylganç zatlaryň gaýtalanmagyna ýol berip bolmajakdygyny belledi.
Bu çäre Ysraýylyň taryhynda iň uly syýasy ýygnanyşyk bolup, onuň öňüsyrasynda şähere 10 müňden gowrak polisiýa ofiseri ýerleşdirildi, uly ýollar we şäheriň uly bölekleri ýapyldy.