Gazagystanyň graždanini Rahyžan Zeýnolla indi 16 ýyl bäri Hytaýdan çykyp bilenok. Onuň aýaly Farida Kabylbek adamsynyň 13 ýyllyk türme tussaglygyndan soňra, bir ýarym ýyl «syýasy taýdan täzeden terbiýeleniş lagerinde» saklanandygyny aýdýar. Indi bolsa ol öý tussaglygynda. Gazagystanyň Daşary işler ministrligi Zeýnollanyň işi barada hytaý ilçihanasyna resmi nota ýollandygyny aýdýar.
HYTAÝ KONSULLYGYNYŇ ÖŇÜNDÄKI PIKET
14-nji ýanwarda Farida Kabylbek Hytaýyň Almatydaky konsulhanasynyň öňünde adamsy Rahyžan Zeýnollanyň Gazagystana gaýdyp gelmegini talap edip, ýekelikde piket geçirdi. Ol aýalyň sözüne görä, adamsy 2004-nji ýylda garyndaşlaryny görmek üçin, Sinjianga gidipdir, şonda ony tussag astyna alnyp, jogapkärçilige çekipdirler. Şondan bäri-de hytaý hökümeti oňa Gazagystana gaýtmaga rugsat berenok.
Hytaý konsullygyndan hiç bir resmi çykyp, ol aýalyň talabyny diňlemedi. Özüni «garawul gullugynyň naçalnigi» diýip tanyşdyran adam oňa öz şikaýatyny ýazmaça goýup gitmegi maslahat berdi.
Almaty şäheriniň Medeus raýonynyň içeri işler bölüminiň işgäri Rita Ýermanowa gelip, piketiň «kanuna garşydygyny» aýdyp, ony bes etmegi talap etdi. Ýerli häkimiýetleriň rugsady bolmazdan piket geçirýändigi üçin, Farida Kabylbekiň administratiw jogapkärçilige çekiljekdigini mälim etdi.
«IÇALYÇYLYKDA GÜNÄLÄP TÜRMÄ BASDYLAR»
Farida Kabylbekiň sözüne görä, onuň adamsy, 57 ýaşly Rahyžan Zeýnolla Borotala-Mongol awtonom welaýatynyň Arasan uýezdiniň Karabuka obasynda dünýä inipdir hem şol ýerde ösüp ulalypdyr.
2000-nji ýylda ol maşgalasy bilen Gazagystana gelip, Almaty oblastynda ýerleşipdir. Olaryň ogly hem gyzy bar. Faridanyň aýtmagyna görä, onuň adamsy ne Hytaýda, ne-de Gazagystanda döwlet gullugynda işlemändir, diňe ownuk söwda bilem meşgullanypdyr.
Faridanyň gürrüňine görä, garyndaşlaryny görmek üçin, 2004-njy ýylda Şinjianga gidenlerinde, hytaý hökümeti Rahyžan Zeýnollany saklapdyr. Ilki başda ony «Hytaýdan adamlary Gazagystana geçirmekde», soňra bolsa «içalyçylykda» aýyplapdyrlar hem 13 ýyl türme tussaglygyna höküm edipdirler.
— Ýigrimi çemesi ýaş ynsan Gazagystanda okamaga höwes bildirdiler. Adamym olara dokumentlerini doldurmaga hem serhetden geçmäge kömek berdi. Onuň bar «jenaýaty» şol – diýip, Farida aýdýar.
Rahyžan tutulanda onuň 14 hem 5 ýaşly çagalary eýýäm ulalyp gitdiler. Farida häzir Sinjiangda öý tussaglygynda saklanýan adamsy bilen messenjer arkaly habarlaşýandygyny aýdýar.
GAZAGYSTANYŇ GRAŽDANINI HYTAÝDA TÜRMEDE
Faridanyň sözüne görä, Rahyžan Zeýnolla 2003-nji ýylda Gazagystandan graždanlyk alypdyr. «Bir armanly ýeri, ol dokumentini eline alyp ýetişmedi» diýip, Farida aýdýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň Rahyžan Zeýnolla Hytaýa gitmezinden öň özüniň Gazagystanyň graždanlygy baradaky dokumentini näme üçin öz ýany bilen almady diýen sowalyna Farida şeýle jogap berdi.
— Biziň wizamyzyň möhleti gutaryp gelýärdi, dokumente garaşsak giç boljakdy.
(Surat) Migrasiýa polisiýasy uprawleniýasynyň Rahyžan Zeýnolla barada beren jogaby.
Farida Kabylbekiň 2013-nji ýylyň 22-nji iýunynda ýazan haýyşnamasyna Almaty oblastynyň içeri işler bölüminiň migrasiýa polisiýasynyň departamenti şeýle jogap berdi: «1963-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynda doglan Zeýnolla Rahyžan Gazagystan Respublikasynyň prezidentiniň 2005-nji ýylyň 12-nji martyndaky № 1302 permany bilen Gazagystanyň graždanini saýylýar».
Farida Kabylbekiň Milli howpsuzlyk komitetine 2009-njy ýylda ýazan arzasyna berlen ýazmaça jogapda Zeýnolla Rahyžan Gazagystanyň graždanini diýlip aýdylýar.
«Gazagystan Respublikasynyň prezidentiniň 2005-nji ýylyň 12-nji martyndaky № 1302 permanyna laýyklykda R. Zeýnolla Gazagystanyň graždanlygyny kabul edipdir. Munuň özi onuň hukuklarynyň hem bähbidiniň Gazagystan Respublikasynyň Konstitusiýasy esasynda goralýandygyny aňladýar. Siziň adamyňyz häzirki wagtda Hytaýda bolany üçin, onuň hukuklaryny hem bähbidini goramak Gazagystanyň daşary işler ministrligine degişli bolýar» diýlip, Milli howpsuzlyk komitetiniň hatynda görkezilýär.
GAZAK HÖKÜMETINIŇ JOGABY
Gazagystanyň Daşary işler ministrligi Farida Kabylbekiň adamsyny yzyna gaýtaryp getirmek hakyndaky ýüzlenmesine beren jogabynda, «eger Gazagystanyň Baş prokuraturasyndan onuň galan türme möhletini Gazagystanda geçirmegi barada dokument alyp bolsa, olar muny diplomatik kanal bilen Hytaýa ýollajakdygyny» aýdýarlar. Gazagystanyň Baş prokuraturasy «hytaý hökümetleriniň berýän maglumatyna görä, 2015-nji ýylyň dekabrynda Hytaýyň türmelerinde Rahyžan Zeýnolla atly adamyň saklanýandygy hakda maglumat ýok» diýip jogap berýär.
Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň konsullyk departament gullugy Farida Kabylbekiň 2019-njy ýylyň 22-nji iýunynda beren ýüzlenmesine şeýle jogap berýär: «Rahyžan Zeýnollanyň işi barada konsulluk edarasy Hytaýyň Nur-Sultandaky ilçihanasyna resmi nota ýollady».
Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň Rahyžan Zeýnollanyň işi boýunça kommentariýa almak üçin, daşary işler ministrlige eden jaňlary netijesiz tamamlandy. Azatlygyň redaksiýasy ministrlige resmi ýüzlenme ýollady.
Hytaýyň Almatydaky konsullygy bolsa Rahyžan Zeýnollanyň işi baradaky soraga jogap bermekden ýüz öwürdi.
Hytaýdaky milli azlyklaryň bähbidini goraýan «Атажұрт еріктілері» jemgyýetjilik guramasynyň wekili Kaýrat Baýtolly Rahyžan Zeýnollanyň işi barada durup, ol berlen jeza çäresini doly geçenden soň, üstesine-de maşgalasy Gazagystanda ýaşaýan bolsa, onuň ýurda dolanmaga uly mümkinçiliginiň bardygyny aýdýar. «Gazagystan gowşaklyk etmeli däl, diplomatik kanallar arkaly ony yzyna getirmek barada, Hytaý tarapyndan talap etmeli» diýip, hukuk goraýjy aýdýar.
Geçen ýylyň oktýabrynda prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň Hytaýa eden saparyndan soňra, Gazagystanyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi syýasy taýdan täzeden terbiýelenýänleriň lagerinde etniki gazaklaryň ýokdugyny aýtdy. Ýöne hossarlary şol lagerlerde saklanýan ençeme adam bu beýanata närazylyk bildirdiler hem-de öz hossarlarynyň Hytaýdan yzyna goýberilmegine ýardam soradylar.
Sinjiangdaky etniki az milletler; esasan yslam dinine uýýan uýgurlar, soňra gazaklar, tatarlar hem beýleki milli azlykdakylar köpçülikleýin ýagdaýda saklanýarlar hem gysyşa duçar edilýärler. Olaryň hytaý hökümeti tarapyndan döredilen «syýasy taýdan täzeden terbiýeleniş lagerlerine» salynýandygy baradaky maglumatlar 2017-nji ýylyň ýazynda aýan bolup başlady. Geçen ýyl BMG Sinjiangdaky lagerlerde bir milliona golaý musulmanyň saklanýan bolmagy mümkin diýdi. Hytaý owal başda beýle lageriň bardygyny ret etdi, soňra bolsa ol lageri «professional kämilligi ösdürmek merkezi» hökmünde häsiýetlendirip, munuň terrorizme hem ekstremizme garşy göreş üçin döredilendigini aýtdy. ABŞ hem Günbatar döwletleri Hytaýyň Sinjiangdaky syýasatyny tankytlamagyny dowam etdirýärler.
Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär