Lebaply ýaşaýjylar welaýatyň Döwlet migrasiýa gullugyndan 'biometriki pasport' almak üçin 2020-nji ýyl üçin nobata ýazylýarlar. Häkimiýetler pasport almak nobatynyň şonda ýetjekdigini aýdýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy 29-njy noýabrda habar berdi.