26-njy noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen we rus delegasiýalarynyň duşuşygy boldy.
Türkmen toparyna daşary işler ministri Reşit Meredow, rus tarapyna “Rossotrudniçestwo” agentliginiň başlygy Elenora Mitrofanowa ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşyk mahalynda ylym, bilim, medeniýet we sungat ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklara aýratyn üns berildi, innowasion tehnologiýalary ulanmakda, sanly ykdysadyýeti ýola goýmakda bar bolan tejribeleri paýlaşmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mitrofanowa saparyň dowamynda Ynsanperwerlik ylymlarynyň halkara uniwersitetinde rus ynsanperwerlik we bilim taslamalary bilen tanyşdyrdy diýip, Russkiý wek” portaly habar berýär. Mitrofanowanyň sözlerine görä, geljek ýyl Türkmenistanyň raýatlary üçin rus ÝOJ-larynda 202 orun planlaşdyryldy. Eger türkmen tarapy gyzyklanma bildirse, orunlar köpeldilip bilner.
Agentligiň başlygy soň A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebine baryp gördi. Bu mekdepde 1320 okuwçynyň okaýandygy aýdylýar. Onuň bazasynda her ýyl 3 500-e golaý türkmenistanly okuwçy rus ÝOJ-laryna girmek üçin synagdan geçýär.