Pakistan TOPH gaz geçiriji kompaniýasy (TAPI Pipeline Company Ltd) bilen tebigy gazyň bahasyna täzeden seredýär. Munuň yz ýany, milliardlarça amerikan dollary möçberindäki gaz geçirijiniň “Pakistan böleginiň” düýbini tutmak dabarasy bolar diýlip, “Associated Press of Pakistan” neşiriniň habarynda aýdylýar.
“Biz Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçiriji taslamasy boýunça täze ylalaşykly bahany gazanmaga synanyşýarys. TOPH gaz geçiriji kompaniýasy bilen gazyň bahasyna täzeden seretmek işleri gaz geçirijiniň “Pakistan böleginiň” düýbini tutmak dabarasyndan öň geçiriler” diýip, neşir Pakistanyň nebit pudagyny ösdürmäge gatnaşygy bardygy aýdylýan ýokary derejeli resminiň sözlerini sitirledi.
Neşir resminiň şahsyýetini köpçülige mälim etmän, onuň gaz geçirijiniň birinji böleginiň 30 aýyň dowamynda gurlup tamamlanjakdygyny mälim edendigini habar berdi.
Türkmenistan gurluşygynyň öz çäginden geçýän bölegine 2015-nji ýylyň dekabr aýynda badalga berlen TOPH gaz geçirijisiniň üsti bilen Günorta Aziýa ýurtlaryna ýylda 33 miliard kub metr gaz eksport etmegi maksat edinýär.
10-njy oktýabrda Hindistanyň “ET Prime” neşiri TOPH gaz geçirijisi arkaly Hindistana iberiljek gazyň bahasynyň hindistanly sarp edijilere gymmada düşýändigini habar berdi.