Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” tussaglary bilen günbatarlary zamunlary çalyşmak ylalaşygy başa barmady


Kewin King (sagda) we Timothy Weeks
Kewin King (sagda) we Timothy Weeks

“Talybanyň” owgan türmesinde tussaglykda saklanylýan ýokary derejeli üç agzasyny zamun alnan iki günbatarlary bilen çalyşmak baradaky ylalaşygyň ykbaly nämälimligine galýar. Mundan üç gün ozal prezident Aşraf Ghani bu baradaky plan barada çykyş edipdi.

Bu ylalaşyga owgan hökümeti bilen “Talybanyň” arasynda gönümel gepleşikleri başlatmak üçin mümkinçilik hökmünde garalypdy. Jeňçi topary häzire çenli Kabul bilen gepleşikleri geçirmekden ýüz öwürip gelýär.

Emma, 15-nji noýabrda “Talybanyň” metbugat wekili Zabihullah Mujahid gürrüňi gidýän “Talyban” tussaglarynyň ylalaşylan ýere eltilmändigini, şeýle-de olaryň heniz hem tussaglykda saklanýandygyny aýtdy.

Tussaglykdaky jeňçiler Kabuldaky Amerikanyň Owganystandaky Uniwersitetiniň zamun alnan iki professory bilen çalşylmalydy. ABŞ-ly 60 ýaşly Kewin King we awstraliýaly 48 ýaşly Timothy Weeks 2016-njy ýylyň awgustynda alnyp gaçylypdy.

Mujahid olaryň heniz hem zamunlykda saklanýandygyny aýtdy.

Çalşygyň gijikdirilmeginiň sebäpleri aýdyň däl.

XS
SM
MD
LG