Türkmenistanda prezidentiň gatnaşmagynda we oňa alkyş aýdylmagynda “möhüm ekologiýa çäresi” - bag nahallaryny oturtmak boýunça ählihalk ýowary geçirildi.
Bag ekmek dabarasyna hökümet agzalary, jemgyýetçiligiň wekilleri bilen bilelikde Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň, halkara guramalarynyň wekilleri hem gatnaşdy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji noýabrda geçiren hökümet maslahatynda wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewe ýüzlenip, 9-njy noýabrda möhüm ekologiýa çäresini - ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmegi tabşyrdy. Bu tabşyryk ýurduň pagta planynyň doldurylandygy baradaky hasabatdan soň berildi.
Şeýle-de prezident “oba hojalygynda geçirilýän özgertmeleri has-da çaltlandyrmagyň zerurdygyna”, “suwdan peýdalanmak meselelerine”, “Garagum çölünde ekologiýa taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da çaltlandyrmaga” ünsi çekdi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanda her ýylda millionlarça düýp agaç nahalynyň oturdylýandygy habar berilýär.
Resmi maglumata görä, şu ýyl 3 million düýp bag ekmek planlaşdyryldy we bu çäre meýletin-mejbury esaslarda, ýaşaýjylaryň dynç günlerinde, halk köpçüligini, şol sanda mekdep okuwçylaryny hem işe çekmek esasynda geçirilýär.
Azatlygyň habarçylary ekilen baglaryň suw, idegsizlik zerarly guradylýan halatlarynyň hem az bolmaýandygyny aýdýarlar. Ýerli synçylaryň hasaplamalaryna görä, soňky üç onýyllykda ekilen baglaryň ýarysy düýp tutanda hem, ýurt bireýýäm bagy-bossanlyga öwrülerdi.
Şol bir wagtda, ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek programmasynyň çäginde harçlanýan döwlet serişdeleri, bu çäre üçin ilatdan ýygnalýan serişdeler barada anyk maglumatlar çap edilmeýär.