Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Agalayga çydamadyk' esger ezýän ofiseri we gullukdaşlaryny oka tutdy, sekiz adam wepat boldy


Rus harbylary.
Rus harbylary.

Orsýetiň Goranmak ministrligi 25-nji oktýabr agşamy Zabaýkalýe ülkesindäki Gornyý şäherçesinde ýerlşeýän harby bölümiň esgeriniň öz gullukdaşlaryny oka tutandygyny habar berdi. Gullukdaşlaryny we iki ofiseri oka tüpeňlän Ramil Şamsitdinowyň tussag edilendigi aýdylýar.

Waka ýerli wagt bilen sagat 18:20-de, garawul çalyşýan wagtynda boldy. Deslapky maglumatlara görä, sekiz adam wepat boldy. Olaryň ýedisi hadysanyň bolan ýerinde, biri hassahanada jan berdi.

Ýene iki esger harby hassahana ýerleşdirildi, olaryň janyna howp abanmaýar.

“Baza” taslamasy öz gullukdaşlaryny oka tutan esgeriň harby bölümde dört aý gulluk edendigini we öz pidalarynyň ýöriteleýin kellesini nyşana alandygyny aýdýar. Ol ýaraly bolanlara soň kontrol okuny hem atypdyr.

Öldürilenleriň arasynda iki ofiseriň, iki sany şertnama esasynda gulluk edýän esgeriň bolandygy, beýleki pidalaryň şahsyýetleriniň anyklanýandygy aýdylýar.

72.ru neşiri Gornyý şäherçesindäki harby bölümde gulluk eden ozalky harby gullukçynyň sözlerine salgylanyp, Şamsitdinowyň öz gullukdaşlaryny oka tutan harby bölüminde dedowşinanyň - esgerleri ezmegiň gazaply bolandygyny habar berýär.

“Meniň çakymça, bu hadysa uly leýtenant Danil Pýankow bilen bagly bolmaly. Birnäçe ýyl ozal gulluk eden wagtymda, haçanda biz garawulçylyga gidemizde, ol hemişe bizden özüi üçin iýer ýaly bir zatlar satyn almagy talap ederdi. Ol hemişe hemmeleri kemsiderdi” diýip, ozalky esger gürrüň berdi.

Onuň sözlerine, garawula gitmekden öň ony tapgyr dört gije ýatmaga goýmandyrlar, düzgünnamany öwrenmegi talap edipdirler.

“Pýankow esgerleri bäş sagatlap arasyny kesmän gorag eşiklerini geýip-çykarmaga mejbur edýärdi. Men ol oglany düýpden günälemeýärin. Men oňa oňa düşünýärin, ol beýle süteme çydan däldir” diýip, ozalky esger öz pikirini aýtdy.

Ramil Şamsitdinow 25-nji oktýabrda, garawul çalyşýan wagtynda Pýankowy we ýene ýedi gullukdaşyny, şol sanda bir ofiseri oka tutdy.

Goranmak ministrligi deslapky maglumatlara salgylanyp, esgeriň şahsy ýagdaýlary esasynda özüne erk edip bilmändigini, bu hadysanyň harby gulluk bilen baglanyşykly däldigini öňe sürýär.

Bu iş boýunça derňew açyldy.

XS
SM
MD
LG