Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwadaky kitap dükany Staliniň karikaturasy bilen çykan žurnaly satmakdan boýun gaçyrdy


Iosif Staliniň we Adolf Hitleriň gujaklaşýan pursaty. Kollaž
Iosif Staliniň we Adolf Hitleriň gujaklaşýan pursaty. Kollaž

Moskwada iň uly kitap dükanlarynyň biri Bolan “Molodaýa gwardiýa” “Diletant” žurnalynyň jildi Iosif Staliniň we Adolf Hitleriň gelinlik we öýlenýän ýigit hökmünde suratlandyrylan şekilleri bilen çykan sanyny satmakdan boýun gaçyrdy. Bu surat Ikinji Jahan urşunyň başlanan wagtynda çap edilen amerikan karikaturasynyň göçürme nusgasydy.

Dükanyň bu karary barada “Eho Moskwy” radiosynyň baş redaktory Alekseý Wenediktow habar berdi.

Taryh barada ylmy-populýar makalalary çap edýän we jildinde köplenç taryhy karikaturalary ýerleşdirýär “Diletant” neşiri kitap dükanlaryna hem ýaýradylýar.

Emma muňa garamazdan, “Molodaýa gwardiýada” žurnalyň täze sanynyň jildinde Staliniň fata, durmuşa çykýan gyzyň köýnegi geýdirilen görnüşde, Hitleriň bolsa penjegi nyşanly şekillendirilmegini “nädogry” hasapladylar. Dükan ýolbaşçylarynyň pikirine görä, bu karikaturada nasistleriň, milli sosialistleriň nyşanlaryny wagyz etmezlik baradaky kanun bozulýar.

“Diletant” 2012-nji ýyldan bäri çap edilýär.

XS
SM
MD
LG