Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ankaranyň Siriýadaky dyzmaçlygy netijesinde ABŞ güýçleri türk oklarynyň astyna düşdi


Türk bombalamalaryndan soň Siriýanyň Tal Abýad şäheriniň asmaynan galan tüsse. 9-njy oktýabr, 2019.
Türk bombalamalaryndan soň Siriýanyň Tal Abýad şäheriniň asmaynan galan tüsse. 9-njy oktýabr, 2019.

Ankaranyň güýçleriniň ABŞ ýaranlygyndaky kürt söweşijilerine garşy basyşyny artdyrmagy bilen, demirgazyk-gündogar Siriýadaky harby berkitmelerde ýerleşen ABŞ goşunlary türk pozisiýalaryndan atylýan top oklarynyň astyna düşdi.

Pentagon 11-nji oktýabrda biraz öň çykan habarlary tassyklady we bir partlamanyň Kobani şäheriniň golaýyny sarsdyryp, onuň ABŞ we türk güýçleriniň dartgynly sebitde niýet etmezden gapma-garşy bolmak töwekgelligini şekillendirendigini aýtdy.

"Bu partlama Howpsuzlyk mehanizmi zonasynyň ýerleşýän ýeriniň daşynda, birnäçe ýüz metr uzaklykda, türkleriň ABŞ güýçleriniň bardygyny bilýän ýerinde boldy” diýip, harby-deňiz güýçleriniň kapitany, Pentagonyň sözçüsi Brook DeWaltyň beýanatynda aýdylýar.

DeWalt esgerleriň arasynda ýaraly bolanyň ýokdugyny, ABŞ goşunlarynyň bu hadysadan soň Kobaninden çekilmändigini aýtdy.

Pentagon bu hadysadan soň Ankara Siriýada ABŞ ýaranlygyndaky kürt söweşijilerine garşy hüjümini dowam edýän wagtynda heniz Siriýanyň içinde bolan 1 müň amerikan harbysyna zeper ýetirmekden Türkiýäniň ägä bolmagynyň zerurdygyny nygtady.

XS
SM
MD
LG