Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Sinjiangdaky ‘repressiýa’ bilen bagly Hytaýyň 28 guramasyny özüniň gara sanawyna girizdi


Hytaýyň Sinjiang regionynda uýgur zenanlar bazaryň girelgesinden geçýärler.
Hytaýyň Sinjiang regionynda uýgur zenanlar bazaryň girelgesinden geçýärler.

Birleşen Ştatlar Hytaýyň 28 sany guramasyny özüniň gara sanawyna girizdi. ABŞ bu guramalaryň Hytaýyň uzak gündogar regiony Sinjiangda uýgurlara we aglabasy musulmanlardan ybarat beýleki etniki toparlara garşy amala aşyrylýandygy aýdylýan “adam hukuklarynyň bozulmalaryna we öte geçmelere” gatnaşygynyň bardygyny aýdýar.

7-nji oktýabrda Birleşen Ştatlaryň Söwda departamenti häzirki wagt bu guramalaryň “Şereketler sanawy” diýlip atlandyrylýan sanawda ýerleşdirilendigini aýtdy. Bu sanawa girizilen guramalara ABŞ-nyň hökümetiniň razylygy bolmazdan Birleşen Ştatlaryň kompaniýalaryndan haryt satyn almak gadagan edilýär.

Beýanatda sanawa girizilen toparlaryň “Hytaýyň repressiýa, köpçülikleýin esassyz tussag etmek we uýgurlara, gazaklara hem-de kiçi musulman toparlaryň beýleki agzalaryna garşy ýokary tehnologiýalar arkaly gözegçilik kampaniýasyna” gatnaşandygy aýdylýar.

Bu ädime Pekin tarapyndan ýiti gaýtawul berilmegine garaşylýar. Pekin özüniň Sinjiangdaky syýasaty bilen bagly halkara jemgyýeti tarapyndan tankyt edilýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň ekspertleriniň we adam hukuklaryny gorap çykyş edýän toparlaryň aýtmaklaryna görä, ýurduň çetki regionlaryndaky lagerlerde azyndan 1 million uýgur we aglabasy musulmanlardan ybarat beýleki kiçi toparlaryň agzalary tussaglykda saklanýar.

XS
SM
MD
LG