Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Işden çekilmäge 'çalyşýan' Mulikowa prezident üçünji gezek berk käýinç yglan etdi


Türkmenistanyň içeri işler ministri Isgender Mulikow
Türkmenistanyň içeri işler ministri Isgender Mulikow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň içeri işler ministri Isgender Mulikowa berk käýinç yglan etdi. Bu waka Azatlygyň ýurt içindäki çeşmeleriniň Mulikowyň otstawka çykmaga çalyşýandygy barada habar bermeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Türkmenistanyň döwlet habarlar gullugynyň berýän maglumatyna görä, Berdimuhamedow 1-nji awgustda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisinde, ýurduň içeri işler ministriniň beren hasabatyndan soň, “öz wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, garamagyndaky gulluklaryň işine gözegçiligi gowşadandygy” üçin, Mulikowa berk käýinç yglan etdi.

Ýöne resmi medianyň maglumatynda Mulikowyň anyk haýsy wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmändigi barada anyk mysallar getirilmedi.

Şeýle-de, Berdimuhamedow “kanunçylygy we hukuk tertibini üpjün etmegiň demokratik, hukuk döwletiň möhüm meselesi bolup durýandygyny belläp, ýurduň Içeri işler ministrliginiň işine täzeçil usullary ornaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi” diýlip, habarda bellenilýär. Emma gürrüňi edilýän “täzeçil usullaryň” jikme-jikleri aýdyňlaşdyrylmaýar.

Ýeri gelende ýatlatsak, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky iki çeşmesi Mulikowyň soňky wagtda yzygider iki berk käýinç alansoň, saglyk ýagdaýyna salgylanyp, otstawka çykmaga çalyşýandygyny, emma ýurduň prezidentiniň onuň arzasyny kabul etmeýändigini 13-nji iýulda habar beripdi.

“Ol başlygyň (prezident Berdimuhamedowyň – redaksiýanyň belligi) ýanyna baryp, özüniň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşandygy zerarly otstawka goýberilmegini sorady. Emma ol onuň haýyşyny bitirmedi. Mulikow örän çylşyrymly ýagdaýda dur, sebäbi başlygyň özüni örän basym il ortalaýyn işden boşatjakdygyny bilýär. Mulikowa hem Hallyýewiň (ozalky baş prokuror Amanmyrat Hallyýew – redaksiýanyň belligi) ykbalynyň garaşýan bolmagy gaty mümkin, şu sebäpden ol öz arzasy bilen gitmek isleýär” diýip, adynyň agzalmazlygyny soran hökümete ýakyn çeşme aýtdy.

Mundan öň, has takygy, şu ýylyň 4-nji maýynda prezident Berdimuhamedow hökümet maslahatyny geçirip, prokuraturanyň we IIM-niň resmileriniň bir toparyny korrupsiýada aýyplap, Amanmyrat Hallyýewi baş prokuroryň wezipesinden boşatdy. Şol mejlisde prezident Mulikowa hem berk käýinç yglan etdi.

Azatlyk Radiosy hökümetdäki çeşmesine salgylanyp, Hallyýewiň işden boşadylanyndan soň güýç gurluşlarynyň ozalky çinownikleriniň onlarçasy bilen bir hatarda tussag edilendigini habar berdi.

Baryp maý aýynda biziň çeşmelerimiz Isgender Mulikowyň ýokarsyndaky “bulutlaryň goýalýandygyny” tassyk edipdiler. Şeýle-de, Azatlygyň hökümet gurluşlaryna ýakyn çeşmesi hemmeleriň 4-nji maýdaky mejlisde Mulikowyň hem işden boşadylmagyna garaşandygyny, emma ony prezidentiň golaýyndaky täsirli bir şahsyň goşulmagynyň halas edendigini tassyk etdi.

42 ýaşyndaky Isgender Mulikow Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine 2009-njy ýylyň 29-njy maýyndan bäri ýolbaşçylyk edýär. Ol bu wezipä 34 ýaşynda bellenip, iň ýaş içeri işler ministri boldy we bu wezipede özünden öňkülerden has uzak saklandy. Şeýle-de, ozalky ministrlerden tapawutlylykda, ol prezidentden hemmelerden kän berk käýinç aldy. Bu käýinçleriň ikisi oňa şu ýylyň maý we iýun aýlarynda, bir aýdanam az wagt içinde berildi.

XS
SM
MD
LG