Birbada üç dilde çap edilen “Türkmen alabaýynyň” tanyşdyryş dabaralarynda çykyş edenler Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze eserini ‘mukaddes’, ‘henize çenli ýazylmadyk mertebeli kitap’ hökmünde häsiýetlendirdiler.
Dabaralaryň dowamynda döwlet baştutanynyň bir gün ozal ile ýetiren täze goşgusy esasynda, Türkmenistanda ýörite ite bagyşlanan ilkinji aýdymköpçülik bolup ýerine ýetirildi.
Bu dabaralar döwlet telewideniýesinde korrupsiýa garşy göreşiň nobatdaky netijeleri barada hasabat berlip, tussag edilen we uly möçberdäki emläkleri ellerinden alnan elita agzalarynyň aglap toba edişiniň görkezilen gününiň yz ýanyna gabat geldi.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde, Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde döwlet baştutanynyň täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy diýip, türkmen TW-si 14-nji sentýabrda 44 minut dowam eden “Watan” habarlar programmasynyň 24 minudyny alan gepleşigiň başynda habar berdi.
Şeýle-de neşir dabara gatnaşanlaryň täze eseriň “tutuş adamzadyň durmuşyndaky ähmiýeti, harby we hukuk goraýjy ulgamyň işiniň öňe ilerlemegine ýetirjek ruhy täsiri dogrusynda uly joşgun bilen gürrüň edendiklerini belleýär.
Döwlet eýeçiligindäki TW-niň tassyklamagyna görä, “baý watançylyk ruhuna beslenen” täze kitabyň neşir edilmegi halkyň buýsançly başyny göge ýetirdi, prezidentiň täze kitaby bilen bir hatarda türkmen itine bagyşlap ýazan goşgusynyň hem çap edilmegi “göwünlere goşa ganat berdi” diýip, çykyş edenler aýtdylar.
Gözel Şagulyýewa öz çykyşynda bu Berdimuhamedowyň it hakyndaky goşgusynyň “çeşme suwy ýaly durudygyny”, täze kitabyň bolsa “biçak uly orun eýeleýändigini, düşnükliligi, dürlüligi bilen özüne çekýändigini” aýtdy.
“...alabaýlaň suratlaryna seredeňde, watana bolan buýsanjyň, watana bolan söýgiň, watana bolan söýgediň ör boýuna galýar” diýip, şahyr sözüni dowam etdirdi we “Ussada ussat diýmeli! Hormatly prezidentimiz ussat, ussat, ýene bir gezek ussat” diýip gygyrdy.
Bagşy Jemal Saparowa Berdimuhamedow “şu mukaddes eseri halka bermek bilen... türkmeniň asyrdan asyra dowam etjek gymmatlygyny bagyş etdi” diýdi.
Soňra ol sözüni “Arkadagy wasp edip, ýadaman gazan çekmegi” wada berýän aýdym bilen dowam etdirdi.
Bu iki zenandan soň tribuna çykan erkek kişi, döwlet eýeçiligindäki neşirleriň biriniň redaktory: “Hormatly prezidentimiziň täze eseri ýaly, şeýle derejeli, şeýle köpgyraňly, sungatyň, sözüň güýjüni özünde jemlän şeýle mertebeli kitabyň häzire çenli ýazylmandygyny aýdan ýagşy” diýdi.
Şeýle-de ol bu kitabyň “...adam oglunyň şu dünýä gelip, tutuş geçen ýoluna özboluşly syn” bolup görünýändigini belledi.
Berdimuhamedowyň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary aýdym-saz, alkyş sözleri, şeýle-de “Türkmen alabaýy” atly täze aýdymyň hem harbylar tarapyndan, hem aýdymçy Guwanç Ýarmmämmedow we dabara gatnaşylar tarapyndan ör turup aýdylmagy bilen utgaşdy.
Synçylar Berdimuhamedowyň täze kitabynyň we goşgusynyň gyssanmaç öwlüp başlanmagyny ýurtdaky agyr ykdysady ýagdaý, tomusda prezidentiň ölümi hakynda ýaýran gürrüňler bilen baglanyşdyrýarlar.
Adynyň aýdylmazlygyny soran aşgabatly pedagog ozal öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň "Ruhnamasynyň" "mukaddes" diýlip öwlendigini, oňa "şa şahyr" diýlendigini, emma ol syýasy sahnadan giden badyna bu galmagalyň ýatandygyny, munuň häzirki prezidentiň kitaplary babatda hem şeýle boljagyny aýtdy.
Hukuk goraýjy Farid Tuhbatulliniň pikiriçe, “bu, görnüşinden, belli bir derejede biraz öň onuň [president G.Berdimuhamedowyň] ölendigi barada ýaýran gürrüňler bilen bagly”.
“Biziň maglumatymyza görä, ilatyň uly bölegi muňa [president G.Berdimuhamedowyň ölendigi baradaky tassyklanmadyk maglumata] örän begendi. Onsoň indi, görnüşinden, olar şeýdip ilata Berdimuhamedow bolmasa durmuşyň hasam erbet boljagyny, başga biri bolandan onuň bolmagynyň gowudygyny görkezmek isleýärler. Emma meniňçe, nobatdaky kitaby ýazanlaryndan we ony öwenlerinden ilaty un, biziň ýurdumyz üçin iň zerur harytlar, azyklar bilen üpjün etseler has gowy bolardy” diýip, Tuhbatullin telefon gürrüňinde aýtdy.
Hukuk goraýjynyň pikiriçe, nobatdaky kitaba, konsertlere, aýdymlara we beýlekilere garanda, adamlar iň zerur harytlaryň elýeterli edilmegine has gowy baha berer.
Türkmenistan, synçylaryň pikirine görä, soňky onýyllyklardaky iň agyr ykdysady krizisini başdan geçirýär, adamlar gazanç gözläp, barha kän daşary ýurtlara çykmaga çalyşýar, ýurtda gündelik zerur azyk harytlary gyt we olaryň bahalary yzygiderli gymmatlaýar.