Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Ekstremizmde hiç bir din ýok". Ekspert radikalizmiň sebäpleri barada aýdýar


Kanatbek Murzahalilow we Ýuliýa Denisenko.
Kanatbek Murzahalilow we Ýuliýa Denisenko.

Ekstremizm hem terrorizm özüniň gerimi hem soňky netijeleri bilen adamzadyň gündelik möhüm aladasyna öwrüldi. Döwletler, şol sanda Gyrgyzystan bu hadysa garşy aktiw göreş alyp barýar, onuň garşysyna durmak üçin, täze ugurlary özleşdirýär. Ýöne ekstremist hem terrorist toparlaryň agzalary, olara ýardam berýän guramalar ol ýa-da beýleki şerte tiz uýgunlaşýarlar-da, täze pidalary daşyna toplaýarlar, maliýe taýdan ýardam berjek alternatiw ugurlary tapýarlar. Olar öz konseptual – özbaşdak hökümdarlygyny döretmek isleýärler.

Geçen ýylyň sentýabrynda Siriýadaky hem Yrakdaky uruş gidýän zonalardan Gyrgyzystana gaýdyp gelenler, olaryň şeýle toparlara düşmeginiň sebäpleri, olary kadaly durmuşa dolamak üçin alnyp barylýan işler barada, Azatlyk Radiosynyň soraglaryna ekstremizm hem terrorizm boýunça bilermen Ýuliýa Denisenko jogap berdi.

Kanatbek Murzahalilow: Statistiki maglumatlardan belli bolşuna görä, terroristleriň ortaça ýaşy – 30. Barlyşyksyz toparlara örän ýaş diýip bolar. Näme üçin ýaşlar halkara terroristik guramalaryň hataryna girýär?

Ýuliýa Denisenko: Hakykatdanam, aglaba ýagdaýda terroristler 30-a ýetmedik ýaş adamlar bolup durýar. Munuň başlangyjy hut şol irki döwürden, öz hossarlaryndan aýra düşmekden, özüne berilmeli ünsden mahrum bolmakdan, ýaşlykdaky ruhy maýyplykdan, dürli kemsitmelere duçar bolmakdan gözbaş alýar. Aýdaly, adam öz ýakynyny, ýaşaýyş jaýyny, eklenç çeşmesini ýitirýär. Munuň daşyndan onuň öz çagalygy barada gowy duýgulary ýok, bular ahyrynda jemlenip, gynasak-da, ideologiki ýa-da dine meňzeş ideýalaryň jemini döredýär. Kä halatlarda ol ýa-da beýleki adamlaryň akylsyz täsirine düşýänler bar ýa-da barlyşyksyz, ekstremist terrorçylyk ideýalara eýerýär.

Beýleki bir adatdan daşary ýagdaý – terbiýe meselesi, ol uly adamda destruktiw, ýagny bar zada garşy bolan meýilleri döredip biler. Biz çaga terbiýesi barada gürrüň etsek, munuň özi maşgaladaky duýduryş terbiýesidir, eger ene-atada çagasyna bolan gorky-howsala agdyk bolsa, ol ýaş şahsyýetde infantallygy, ýagny ösmezligi, kämilleşmedik gylyk-häsiýeti döredip biler. Ol bir ýerde ýykylaýmasyn ýa özüni uraýmasyn diýip, töwerek-daşyna “ýassyk” goýup çykýarlar. Soňra beýle çagalar akylly hem syratly bolup ýetişseler-de, durmuş meselesinde aşa ukypsyz bolýarlar, olar taýýara öwrenýärler, özi üçin kimdir biriniň işlemegini isleýärler. Ahyrynda olaryň ekstremistik hem terroristik topara goşulmagy mümkin, sebäbi hiç bir zat etmezden, «çalt jennete» barmak ideýasy döreýär. Özüňi kämilleşdirmegem gerek däl, işlemegem zerur däl, diňe eliňe ýarag alyp, başgany öldürmeli.

Kanatbek Murzahalilow: Öz tejribäňizden şolar ýalylaryň ekstremistik guramalara düşüşi barada mysal getirip bilermisiňiz?

Ýuliýa Denisenko: Mysal köp, ýöne olaryň hersiniň ykbaly dürli-dürli, olaryň pikir-garaýşyna görä, muny üç topara bölmek mümkin. Bu sosial-ykdysady baglanyşyk, psihologiki baglanyşyk hem ideologiki pirler bilen baglanyşyk. Olar dine uýýandyklary üçin ekstremizme gidendir diýip bolmaz. Hakykat ýüzünde ol ýerde hiç bir din ýok. Munda adam hereket edýän döwlet gurluşyna garşy durýar, şol içki garşylygyny-da başga bir şertde amala aşyrmak üçin ýol gözleýär. Şol başga şert köp halatda “syýasy medeniýet” bolup durýar, ol psihologlaryň aýdyşyna görä, terroristik ýa-da ekstremistik guramalardyr. Adam ilki başda ol ýere şeýle işleri etmek üçin gidenok, ol ýere öz meselelerini çözmek üçin barýar.

Kanatbek Murzahalilow: Aýtsaňyzlaň, siziň pikiriňizçe ýaşlary barlyşyksyz hem terroristik topara näme iterýär?

Ýuliýa Denisenko: Bu ýerde ýaş aýratynlygy bilen bagly döreýän ýokary duýgurlyk barada aýtmak gerek. Ol 15-den 19 ýaş aralygynda bolýar, ýaş ynsanda jemgyýetde öz ornuny tapmak, özüni görkezmek höwesi döreýär. Şol ýaşda adamda «men bolmaly» güýçli häsiýet emele gelýär, ol meýline garşy bolan tankytlary bolsa ret edýär. Onda şeýle höwes bar, ýöne amala aşyrmaga güýji ýetenok. Şonuň üçin oňa öz saýasyna alar ýaly haýsydyr bir “güýçli howandaryň” ýardamy gerek. Hut şeýle meýillere berlenleri-de şolar ýaly guramalar özüne toplaýar.

Çagalarda, ýetginjeklerde, aýratyn-da ýaş ynsanlarda barlyşyksyz faktoryň döreýşi entek ylmy taýdan doly öwrenilenok. Şu ýagdaý durmuşyň sosial geljegi barada anyk maksady bolmadyk, agyr maddy kynçylyklary dörän uly ýaşlarda-da emele gelip biler. Bu ýerde aýratynam ýakyn hossarlary tarapyndan ýardamsyz galan migrantlaryň çagalaryny nazarda tutmaly, olar öz düşen ýagdaýyna bagly bolýarlar. Beýleki tarapdan, ýaşlary şeýle guramalara çekmek tötänlik ýagdaýda bolup geçýär. Bu islendik jemgyýetde esasy giň ýaýran usuldyr, eger adam ýaşlykda şeýle toparlara alnan bolsa, onda ol özüniň geljekki maşgalasyny, ýakyn dostlaryny-da ol ýere çekýändigini biz bilýäris. Ol öz täsirindäki tutuş töweregi bilen birlikde bütin galan ömrüne şol gurama hyzmat edýär, üstesine şowly hem işjeň hereket etmegi mümkin.

Kanatbek Murzahalilow: Barlyşyksyz ideýalara baglanan adamyň kadaly durmuşa dolanmagy mümkinmi?

Ýuliýa Denisenko: Haýsydyr bir kulta – adatdan daşary güýçlä ynanmak faktorynyň döremegi adamda başga garaýyşlaryň aradan aýrylmagyny emele getirip bilmez. Olary şeýle topara goşanlarynda, onuň gowşaklygyndan hem şeýle ýaramaz işleri etmäge içki garşylygynyň bolmazlygyndan peýdalanýarlar. Şeýle adamlary özüni uçudyň gyrasynda durmak duýgusy gaplaýar. Bu pikirleriň hem dünýägaraýşyň bozulmagyndan emele gelýär, ol köp ýagdaýda Puşkiniň aýdyşy ýaly, «adam öz aldawyndan şat». “Bizi ýokary derejeli syýasy gurama özüne jemleýär, biziň islegimize, biziň yhlasymyza görä”, gorkyny hem başga päsgelçilikleri soň peýdalanýarlar.

Kadaly durmuş baradaky pikire dolanmak örän giç başlaýar – adamyň töwereginde ýakynlary galmadyk, takyk bir işi, başarýan hünäri bolmadyk, ýagny onuň tutuş ömri haýsydyr bir «emeli usulda döredilen gurluşa» bagly bolandygyny duýan ýagdaýyndan emele gelýär. Emeli döredilen maşgala, emeli döredilen kiçijik topar, ýagny jemgyýete meňzeş bir tegmil ony kadaly durmuş hakda oýlandyryp biler. Şol ýagdaýda adam ol guramadan çykmak isleýär, bu bolsa oňa uçudyň gyrasyndaky ädimi ýatladýar, onda başga ädim ädere ýer ýok. Eger-de biz onuň uçuda däl-de, köprä aýak basmagyny islesek, owaly onuň şol ýagdaýa gelmegine garaşmagymyz, öz maşgalasynda onuň söýülmegini – ileri tutulmagyny gazanmagymyz gerek, oňa ýakynlary hem hossarlary ýa-da jemgyýet ýardam goluny uzatmaly. Umuman, adamy kadaly durmuşa dolamakda iň gowy hyzmat uçudyň üstünden geçip, sosial baglanyşygy döredýän köprüdir.

Kanatbek Murzahalilow: Bu hyzmaty kim ýerine ýetirip biler – din ugrundan teologlarmy, psihologlarmy ýa-da dini ulamalar?

Ýuliýa Denisenko: Netijeli reablitasiýa – adamy kadaly durmuşa dolanmak toparlaýyn iş diýip hasap edýän. Işiň geçirilişi barada aýdylanda, bölekleýin reablitasiýada ýa-da deradikalizasiýada bolsun, tapawudy ýok; başlangyç tapgyrda üns bermeli zat; zorlugy amala aşyrmaga taýýarlanan, ekstremizm ideýalary bilen kellesi doldurylan adamda oýlanyp bilmek ukyby aşa pes bolýar. Bu ýöne ýere däl, olar şol toparlara goşulanda, töweregindäkileriň göreldesi bilen belli derejede psihologiki hem fiziologiki täsirleriň girdabyna düşýär.

Öz tejribäme salgylanyp aýtsam, bu ugurdan jenaýata çekilip türmede oturan adamlaryň aýratynlyklary öwrenilende, türmelerde meniň işleşmeli bolanlarymyň aglaba köpüsinde (86,7%) bir ýagdaý aýan edildi, olaryň ekzistensiýa derejesi pes. Eýsem eksiztensiýa näme? Bu adamy haýwandan tapawutlandyrýan alamatlar. Bu ahlak pikirlenmeleri, ýany onuň özi nirede gowy, nirede ýaramaz boljagyny kesgitlemeli. Şu meselede eksiztensiýa derejesiniň pes bolmagy ýa-da radikalizmiň täsirinde onuň emeli usulda aşak düşürilmegi bize öz müşderimizi öwrenenimizden soň reablitasiýadaky ilkinji ädimi, ýagny aňy «işletmegiň» zerurdygyny görkezýär. Bu örän uzaga çekýän hem agyr iş. Biz bar zada garşy gidýän pikir bilen iş salyşýas hem ol ýerde logikany – yzygiderliligi döretmäge çalyşýas. Şoňa çenli ekstremistik ýa terrorçylyk toparda bolan hiç bir adam ýokary ruhy meselelere düşünip bilmez.

Ikinji basgançak – çynlakaý maşgala aragatnaşygyny dikeltmek. Islendik konsultantyň – maslahatçynyň hyzmaty ol iş kabinetiniň gapysyny ýapandan soň gutarýar. Ondan soň şol adamy kim dogry ýola alyp gider? Elbetde, berk binýady bolan maşgala.

Kanatbek Murzahalilow: Maşgaladan soň näme?

Ýuliýa Denisenko: Maşgaladan soň biz dini garaýyşlary ileri tutýarys. Bu iş onuň töwereginde täzeçe täsirler emele gelende, durmuşa tankydy göz bilen garamak aňy «işläp başlanynda», beýniniň dürli ugurlar baradaky garaýyşlary; nämäni saýlamaly, haýsy ugra gitmeli diýip oýlanyp başlanynda peýda berýär. Onuň bilen pikir alyşmaga, bu işde oňa kömek berjekler bolanynda netije gowy bolar. Şonda dini garaýyşlary aýdyňlaşdyrmak mümkin.

Adamy ekstremist hem terrorist topardan alyp çykmagyň jemleýji bölegi jemgyýetiň re-sosializasiýasy, ýagny islendik işi etmäge çalyşmak, öwrenmek hem täze endikleri başaryp bilmek bolup durýar.

Ýöne gynasak-da, reablitasiýanyň anyk kesgitlenen görkezmeleri ýok. Eger ol bolsady, ony bütin dünýä ulanardy. Bu, elbetde, meseläniň gynançly tarapy, gowy tarapy bolsa adamyň ruhy dünýäsi hem häsiýeti şeýle ýokary derejede gurlan, her adamda reablitasiýa – düzelmäge mümkinçilik bar.

Kanatbek Murzahalilow: Terroristik toparlaryň öňki agzalaryny kadaly durmuşa getirmek işini gurmak agyrmy?

Ýuliýa Denisenko: Bu ýerde bar zat iş alnyp barylýan adamyň özüne bagly. Siz ol adamy hem onuň islegini nä derejede bilýärsiňiz. Adam dini toparlara meňzeşleriň arasyna ýa-da haýsydyr bir saýlantgy şahsyýetiň ýanyna öz meselesini çözmek üçin barýar, olary ulanmak tejribesi bolsa ähli ýerde bir meňzeş. Ol topar onuň meselesini çözjek bolanok, olar öz meselelerini çözýärler, eline düşeni bolsa öz islegine görä oýnaýarlar.

Material AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG