Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeh prokurory premýer-ministriň ‘gaplyk işi’ bilen bagly derňewi duruzdy 


Çehiýanyň premýer-ministri Andreý Babiş
Çehiýanyň premýer-ministri Andreý Babiş

Çeh prokurory ýurduň premýer-ministri Andreý Babişe garşy gaplykda güman edilip, gozgalan derňew işini togtatdy. Babişiň hökümeti skandal sebäpli sarsylypdy.

Bu derňew işine gözegçilik edýän prokuroryň edarasy özüniň 2-nji sentýabrda ýaýradan beýanatynda soňky kararyny yglan edýändigini we “özüniň ilkibaşdaky kanuny netijenamasyny üýtgedýändigini” mälim etdi.

Praganyň baş prokurory bu karary gözden geçirer we munuň öz güýjünde galýandygy ýa-da galmaýandygy barada karar çykarar diýlip, beýanatda bellenilýär.

Çehiýanyň polisiýasy Babişiň Ýewropa Bileleşiginiň pul kömegi bilen bagly $2 milliondan gowrak pul serişdesini bikanun ulanmakda güman edip, jenaýat aýyplamalary bilen ýüzbe-ýüz bolmalydygyny aýdypdy.

Babiş özüne garşy ýöňkelýän aýyplamalary ret edýär.

XS
SM
MD
LG