Fransuz prezidenti Emmanuel Makron hepde aýagynda ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň Ýediler sammitinden öň, Waşington bilen Tähranyň arasyndaky dartgynlyklary azaltmagy teklip etmek üçin, eýran resmileri bilen duşuşar diýip, “Roýters” habar berýär.
Ýewropanyň üç ýurdy, şol sanda Fransiýa 2015-nji ýylyň ýadro ylalaşygyny, Eýranyň ýadro programmasyny jylawlan we Tährana garşy sanksiýalary azaldan şertnamany saklap galmaga çalyşýar.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp geçen ýyl bu şertnamadan çekildi we sanksiýalary dikeltdi.
Bu ýagdaý Waşington bilen Tährany gapma-garşylyga tarap itekledi.