24-25-nji iýulda Aşgabatda Terrorçylyk işine garşy durmak boýunça ÝHHG-nyň seminary geçirildi. Onda beýleki meseleler bilen bir hatarda, terrorçylyk işiniň öňüniň alynmagynyň we kazyýet tarapyndan yzarlanmagynyň “netijeli çäreleri” barada maslahat edildi. Bu soňky iki aýyň dowamynda Aşgabatda terrorçylyga garşy göreş çäreleri boýunça geçirilen üçünji maslahatdyr.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň websaýtynda çap edilen maglumata görä, iki günlük okuw maslahatynyň maksady – kanunyň hökmürowanlygynyň ýörelgelerine laýyklykda terrorçylyk işine garşy durmak üçin jenaýat-hukuk çäreleriniň güýçlendirilmeginden ybarat.
Habarda aýdylmagyna görä, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ÝHHG-niň Sekretariatynyň Terrorçylyga garşy bölüminiň Transmilli wehimlere garşy göreşmek Departamenti bilen birlikde guran maslahatynyň barşynda Global kontrterrorçylyk forumynyň (GKTF) Rabat ähtnamasyna girizilen degişli tejribäniň modellerine seredilip geçildi.
“Olaryň hatarynda adam hukuklarynyň we halkara hukugynyň degişli kadalarynyň berjaý edilmegi nukdaýnazaryndan terrorçylyk işiniň öňüniň alynmagynyň we kazyýet tarapyndan yzarlanmagynyň netijeli çäreleri bardyr” diýlip, habarda aýdylýar.
Bu maslahata degişli döwlet edaralarynyň, şeýle hem adwokaturanyň 30-dan gowrak işgärleri gatnaşyp, onuň dowamynda terrorçylyk işine çekilen taraplaryň ählisiniň goragynyň üpjün edilmeginiň we onuň bilen bagly bolan derňewleriň geçirilmeginiň zerurlygy bellenilip geçildi.
Şeýle-de, onda terrorçylyk işi üçin iş kesilen şahslara jezalandyrylmagyndaky netijeli çemeleşmeler hem-de olaryň azatlyga çykmagyndan soňra jemgyýete gaýtadan uýgunlaşmasy üçin degişli strategiýalaryň işlenilip düzülmeginiň zerurlygy nygtaldy.
Belläp geçsek, bu soňky iki aýdan az wagtyň dowamynda türkmen paýtagtynda terrorçylyga garşy göreş çäreleri boýunça geçirilen üçünji duşuşykdyr.
21-nji iýunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (TSTB) Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Terrorçylyga garşy göreş bölüminiň wekiliýeti bilen Aşgabatda duşuşyk geçirip, işsizligiň jemgyýete ýaramaz täsirlerini maslahat etdi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi websaýtynda çap edilen habara görä, duşuşyga gatnaşyjylar ilatyň zähmet üpjünçiligi bilen bagly meseleleriň çözülmeginiň jemgyýetiň durmuşyndaky “ýaramaz hadysalara garşy durmaklygyň” sebäpleriniň biri bolup durýandygy hakynda pikir beýan edipdirler.
Şonda Azatlyk Radiosyna duşuşyga gatnaşyjylaryň Türkmenistanda ilatyň zähmet üpjünçiligi bilen jemgyýetiň durmuşyndaky haýsy ýaramaz hadysalaryň arasynda arabaglanyşyk gurýandygy barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kommentariý almak başartmandy.
10-11-nji iýunda Aşgabatda ÝHHG-niň ýardam bermeginde “Bellenilen maliýe däl kärhanalary we hünärleri pudagynda terrorizmi maliýeleşdirmeklige we pul serişdeleri bilen üpjün etmeklige garşy öňdebaryjy tejribe” atly maslahat geçirildi.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Maliýe gözegçilik gullugynyň, hukuk goraýjy we gözegçilik edaralarynyň, bellenilen maliýe däl kärhanalary we hünärleri pudagynyň, şeýle hem beýleki degişli edaralaryň wekilleri Türkmenistanyň milli ulgamy we terrorizmi maliýeleşdirmeklige we pul serişdeleri bilen üpjün etmeklige garşy halkara standartlary barada pikir alyşdylar.
Azatlyk Radiosynyň soňky iki aýa golaý wagtyň dowamynda terrorçylyga garşy göreş çäreleriniň üçünji gezek gün tertibine alynmagynyň aňyrsynda haýsydyr sebäpleriň bolup-bolmandygy barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy bilen habarlaşyp, kommentariý almak boýunça eden yzygiderli synanyşyklary netije bermedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.