Owgan resmileri janyndan geçen bombaçynyň ulagyny partlatmagy netijesinde Gazni şäherinde azyndan üç adamyň ölendigini, onlarça adamyň ýaraly bolandygyny aýdýarlar.
7-nji iýuldaky hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban”, wekilleriniň Dohada ähli owgan taraplarynyň gatnaşmagynda geçiriljek iki günlük maslahata gelmegine garaşylýan jeňçi topar öz üstüne aldy.
Gaznidäki hüjümde Milli howpsuzlyk müdirýetiniň edarasy nyşana alyndy, emma pidalaryň köpüsi golaýdaky mekdepde okaýan studentler boldy diýip, welaýat geňeşiniň agzasy Hasan Raza Yousafi aýtdy.
Bu Gaznide iki günde bolan ikinji hüjümdir.
6-nji iýulda giçlik, Gazniniň Khak-e-Ghariban diýen ýerinde, Mohammadiýa metjidinde agşam namazy mahalynda gurnalan hüjümde azyndan iki adam öldi, 20 adam ýaralandy.
Gazniniň welaýat geňeşiniň başlygy Amanullah Kamranyň maglumatyna görä, partlama bolan wagtynda metjitde 70 töweregi adam toplanypdy. Partlaýjy madda metjitde namazdan öň ýerleşdirilene çalym edýär.
Bu hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” jeňçi topary öz üstüne aldy.
Dohada geçiriljek maslahat Owganystandaky harby konfliktleriň soňlanmagyna çözgüt tapmaga kömek etmegi maksat edinýär.