Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen migrasiýasynyň güýçlenýän wagtynda “Gazprom” "Türkmengaz" bilen täze ylalaşyga gol çekdi


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki “Gazprom” kompaniýasy döwlet eýeçiligindäki “Türkmengaz” kompaniýasy bilen gol çekilen ylalaşygyň çäginde türkmen tebigy gazyny 2024-nji ýylyň iýulyna çenli import etmäge razy boldy.

Bu ylalaşyk, ekspertleriň sözlerine görä, Türkmenistanyň öz taryhynda iň agyr ykdysady kynçylyklaryň birini başdan geçirýän, ikinji tarapdan bahasy aýdylmaýan täze şäher gurluşyklaryna başlaýan we türkmen migrasiýasynyň güýçlenýän wagtynda baglaşyldy.

“Gazpromyň” websaýtynda 3-nji iýulda çap edilen maglumatda aýdylmagyna görä, Orsýet 1-nji iýulda baglaşylan täze ylalaşyk astynda Türkmenistandan ýylda 5.5 milliard kub metre çenli gaz import eder. Şol bir wagtda bu ylalşygyň nähili şertlerde baglaşylandygy, gazyň bahasy barada hiç bir detal açylmaýar.

Türkmen we rus kompaniýalary mundan öň 15-nji aprelde gol çekilen we iýunyň aýagynda soňlanan 2.5 aýlyk şertnama astynda1.2 milliard kub metr gaz söwdasyny etdiler. Şol wagt hem türkmen gazynyň haýsy bahadan alynjagy aýdyňlaşdyrylmandy.

Türkmenistandan sowet döwründe gurlan geçiriji arkaly iberilýän gazyň häzirki möçberi iki ýurduň arasyndaky gaz söwdasynyň ýetjek derejesine ýeten ýyllaryndaky bilen deňeşdirilende örän az bolup görünýär. Orsýet ozallar türkmen gazyny import edýän ýurtlaryň öňüni çekýärdi, emma on ýyl çemesi ozal bu orny Hytaý eýeledi.

Türkmenistandan we beýleki merkezi aziýa ýurtlaryndan import edilýän arzan gaz Orsýetiň Ýewropa edýän gaz eksportynygüýçlendirmegine ýardam etdi. Emma energiýa bahalarynyň global arzanlamagy we ýewropa ýurtlarynda gaz talabynyň peselmegi rus-türkmen gaz söwdasyna hem öz täsirini ýetirdi.

“Gazprom” 2015-nji ýylda ozal ýylda 10 milliard kub metr möçberinde alan türkmen gazyny ýylda 4 milliard kub metre çenli azaldýandygyny yglan etdi. 2016-njy ýylyň başyndan bolsa, “Türkmengaz” bilen “Gazpromyň” arasyndaky ylalaşmazlyklar üstünde, Moskwa türkmen gazyny satyn almagyny doly togtatdy.

Türkmen tarapy rus tarapyny alan gazynyň bahasyny tölemezlikde aýyplasa, rus tarapy 2015-nji ýylyň iýun aýynda Stokgolmyň ykdysady dawalara seredýän arbitraž suduna şikaýat edip, Türkmenistanyň Orsýete satýan gazynyň bahalaryna gaýtadan seredilmegini sorady.

Rus resmilerine salgylanýan metbugat maglumatlarynda türkmen-rus gaz söwdasynyň 2019-njy ýylyň başyndan dikeldiljekdigi aýdyldy, emma türkmen tarapy Orsýet bilen aradaky gaz oňuşmazlyklarynyň nähili şertlerde çözülýändigi, “Gazpromyň” ozal alan we bahasyny tölemedik gazynyň puluny töläp-tölemändigi hakynda hiç bir zat aýtmady.

Mundan başga, Türkmenistanyň Eýran bilen aradaky gaz we töleg dawalary hem aýdyň bolman galýar. Esasan eýran mediasyndan mälim bolan maglumatlara görä, Türkmenistan Eýrana satan tebigy gazy üçin iki millarda golaý dollar puluny alyp bilmeýär.

“Gazpromyň”başlygy Alekseý Miller geçen aýyň aýagynda 2019, 2020 we 2021-nji ýyllarda Merkezi Aziýadan alynýan gazyň möçberiniň ýylda 20 milliard kub metr töweregi derejesinde galjakdygyny aýtdy.

RNS habar gullugynyň maglumatyna görä, “Gazprom” 2018-nji ýylda, türkmen gazynyň satyn alynmaýan wagtynda, Merkezi Aziýadan 19,3 milliard kub metr gaz satyn aldy.

“Roýters” habar agentliginiň 16-njy aprelde çap eden habaryna görä, 2009-njy ýyla çenli Türkmenistan Orsýete ýylda 40 milliard kub metr tebigy gazy eksport edýärdi.

Orsýet bilen baglaşylan täze gaz şertnamasy türkmenistanlylaryň köpçülikleýin migrasiýasynyň barha güýçlenýändigi baradaky maglumatlaryň syzyp çykmagynyň yz ýanyna gabat geldi. Azatlygyň habarçylary bilen gürleşen raýatlar ýurtda eklenç etmegiň barha kynlaşýandygyny, türkmen gazynyň eksportyndan gelýän serişdeleriň "ýönekeý adamlaryň durmuşyny gowulaşdyrmaga gönükdirilmeýändigini" aýdýarlar.

Emma resmi mediada ýurtdaky durmuş kynçylyklary, işsizlik, işleýän adamlaryň aýlyklarynyň maşgala eklemäge näderejede ýetýändigi barada hiç bir maglumat berilmeýär; muňa derek döwlet TW-si prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze gurluşyk taslamalary bilen tanşyp, desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli gurulmagy boýunça "birnäçe tabşyryk berşi" hakynda yzygiderli habar berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG