Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow gir­de­ji­le­riň 'gör­ne­tin art­andygyny' aýdyp, ilatyň gaz, tok, suw we duz ýeňilliklerini ýatyrdy


Odun ýakylyp ýyladylýan türkmen öýi.
Odun ýakylyp ýyladylýan türkmen öýi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji sentýabrda ilata gazy, togy, suwy, nahar duzuny mugt bermek düzgünini ýatyrmak baradaky karara gol çekdi.

Ol bu karara ýaşulularyň köp sanly teklipleri esasynda gelendigini aýtdy we şol bir wagtda-da raýatlaryň girdejileriniň görnetin ýokarlanandygyny, her maşgala gazanç etmek, çagalaryny eklemek üçin mümkinçilik döredilendigini belledi.

Berdimuhamedowyň mugtçylygy, şeýle-de ýaşaýyş jaýlary we jemagat hyzmatlary boýunça berilýän ýeňillikleri ýatyrmak barada eden teklibi Halk maslahatynyň mejlisinde gürrüldili elçarpyşmalar bilen kabul edildi.

Emma bu teklipden soň Azatlyk radiosy bilen anonim şertde gürleşen ýerli ýaşaýjylaryň köpüsi prezidentiň aýdýanlary bilen ylalaşmaýar we garaşsyzlyk ýyllarynyň başynda girizilen ýeňillikleriň ýatyrylmagynyň ozalam ýetde-gütde ýaşaýan adamlaryň durmuşyny has agyrlaşdyrjakdygyny öňe sürýär.

Hakykatda Ýaşulular maslahatynyň agzalary ilata berilýän ýeňillikleri ýatyrmak pikirini azyndan üç ýyl bäri öňe sürýärler. Bu teklip Türkmenistanyň Orsýet, Eýran ýaly iri gaz alyjylaryny ýitirmegine, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Aziýa oýunlary we beýleki gymmatbaha proýektler bilen baglylykdaýitileşen maliýe kynçylyklaryna gabat geldi.

Öňki ýyllarda ilata mugt ýa ýeňillikli bahadan berilýän harytlar we hyzmatlar Türkmenistanda adam hakynda edilýän alada hökmünde mazamlanyp geldi. Emma bu alada ilki geçen ýyl, 9-10-njy oktýabrda gazyň, toguň we suwuň mugt berilýän böleginden artyk ulanylan möçberine täze, has gymmat bahalaryňgirizilmegi bilen görnetin azalan bolsa, indi düýpden başga ýagdaý döreýäne meňzeýär.

“Geçen ýyl, Ýaşulular maslahatynda gelnen karardan soň, gazyň, toguň, suwuň we nahar duzunyň mugt berilýän möçberi saklanyp galdy, ýöne artyk ulansaň, aşa kän töleg tölemeli edildi. Bu bir tarapdan tygşytlylyk üçin gowy boldy. Emma indi adamlar nädip ýaşar, bilmedim. Sebäbi köp adam işsiz, juda garyp ýaşaýar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran 56 ýaşly aşgabatly aýtdy.

Prezident Berdimuhamedowyň hem belleýşi ýaly, Türkmenistanda aýlyklar ýylda 10 prosent köpeldilýär. Emma ýaşaýjylar Berdimuhamedowyň bu delili bilen düýpden ylalaşmaýarlar.

Döwlet baştutany ilatyň girdejileri barada gürrüň edende bilip ýa bilmän, hemişe bir taraply gürrüň edýär. Mysal üçin, ol aýlyklaryň 10 göterim köpeldilýändigini aýdyp, şol aýlyk köpeltmesiniň gapdalyndan durmuşyň pesinden 70-80 prosent gymmatlaýandygyny aýtmaýar” diýip, bäş çaganyň enesi Senemgül (ady üýtgedildi) Azatlyk radiosyna aýtdy.

Türkmenistanda adamlaryň baýandygy, elleriniň uzadan ýerine ýetýändigi aýdylsa-da, bazar sebediniň näçä durýandygy, inflýasiýanyň we işsizligiň derejesi, ýurduň umumy ilat sany barada halka maglumat berilmeýär.

2018-nji ýylyň ortaça aýlygy, prezident Berdimuhamedowyň geçen ýylyň iýul aýynda gol çeken kararyna laýyklykda, 715 manat diýlip kesgitlendi. 715 manat bolsa, dollaryň gara bazardaky nyrhyndan hasap ýöretseň, 35 dollar ýaly pul bolýar” diýip, Senemgül aýtdy.

Onuň sözlerine görä, eger bazardaky nyrhlar doňup duran bolsa, manadyň hümmeti häzirki ýaly peselmedik bolsa, prezidentiň girdejiler görnetin köpeldi diýen sözleri biraz hakykata golaýlardy, emma häzirki ýagdaýda düýpden heňe gelmeýär.

Türkmenistanda gazy, togy, suwy we nahar duzuny ilata mugt bermek düzgüni garaşsyzlygyň başky ýyllarynda girizildi we onuň 2030-njy ýyla çenli saklanmagy wada berildi.

Türkmen hökümetiniň tankytçylary bu düzgüniň populizm bolandygyny we azat bazar düzgünlerine ters gelýändigini, şeýle-de ykdysady ösüşe, raýatlaryň bazar şertlerinde ýaşamagy öwrenmegine päsgel berýändigini, onuň uzak gitmän ýatyryljagyny turuwbaşdan aýdyp geldiler.

XS
SM
MD
LG