Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasy Türkmenistan bilen orta-möhlet gaz ylalaşygy boýunça gepleşýär. Bu barada “Roýterrs” 18-nji iýunda habar berdi.
Neşiriň Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki gaz öndürijisiniň uly derejeli resmisine salgylanyp habar bermegine görä, “Gazprom” Türkmenistandan tebigy gaz satyn almak mümkinçiligi boýunça orta-möhlet ylalaşyk baglaşmak üçin gepleşik geçirýär.
Türkmenistan bilen arada häzirki bar bolan şertnamanyň möhleti şu aýda tamam bolýar diýip, habarda aýdylýar.
Bu maglumat türkmen prezidentiniň rus kärdeşi bilen telefonda gürleşmeginiň yz ýanyna gabat geldi. Resmi maglumata görä, iki prezidentiň telefon söhbetdeşliginde Berdimuhamedowyň aýyň aýagynda Tatarystanyň paýtagty Kazana etjek sapary maslahatlaşyldy.