Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus suwasty gämisinde 14 deňizçi ölenden soň, Putin goranmak ministrini regiona derňewe iberdi


Goranmak ministrligi deňizçileriň dem alyş zäherlenmesinden ölendiklerini aýdýar.
Goranmak ministrligi deňizçileriň dem alyş zäherlenmesinden ölendiklerini aýdýar.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ýurduň goranmak ministrine demirgazykdaky deňiz bazasyna gidip, derňew geçirmegi buýurdy. Kreml tarapyndan deňiz astynda “barlag geçirmek” bilen meşgullanýandygy aýdylan suwasty gämide turan ýangynda 14 adam, şol sanda 7 sany uly ofiser öldi.

Putin 2-nji iýulda bu hadysany “uly ýitgi” diýip atlandyrdy we pidalaryň ikisiniň Orsýetiň gahrymanlary bolandygyny aýtdy.

Ol goranmak ministri Sergeý Şoýgunyň “hut özüniň hasabatlary” kabul etmegini, derňewçilere bu betbagtçylygyň arkasyndaky sebäpleri anyklamakda elin görkezme bermegini we soňra özüne hasabat bermegini tabşyrdy.

Putiniň Şoýgu bilen duşuşygy Goranmak ministrliginiň 1-nji iýulda suwasty gämide turan ýangynyň 14 deňizçiniň ölümine getirendigi baradaky habarynyň yz ýanyndan boldy. Ministrlik ol deňizçileriň Orsýetiň territorial suwlarynda barlag işleri bilen meşgul bolandygyny aýtdy.

Bu Orsýetiň 2000-nji ýylda, Kursk atom suwasty gämisi bataly bäri bolan iň erbet harby-deňiz betbagtçylygy boldy. Kursk suwasty gämisinde bolan iki partlama onuň deňziň düýbüne çöküp, üstündäki 118 adamyň ählisini öldürmegine alyp geldi.

Orsýetiň RBK habar agentligi harby çeşmelere salgylanyp, olaryň bu hadysanyň Loşarik AS-12 atom suwasty stansiýasynda bolandygyny aýdandyklaryny habar berdi. Emma Goranmak ministrligi bu hadysanyň anyk haýsy görnüşdäki gämide bolandygyny anyklaşdyrmady.

Haçanda “Loşarik” 2000-nji ýylda işe girizilende, bu gämileriň jikme-jiklikleri ýokary derejede gizlinlikde saklanyldy. Bir maglumatda aýdylmagyna görä, ol deňiz astynda 2,500 metr çuňluga çenli baryp ýetmäge ukyply diýlip häsiýetlendirildi.

Rus metbugaty Loşarigiň başga bir atom suwasty gämisiniň, Belgoradyň aşagynda ýerleşdirilen ylmy-barlag stansiýasy bolandygyny habar berdi.

Orsýet aprelde ýörite maksatly Belgorody işe girizdi, onuň ýadro ýaraglaryny göteriji suwasty dronlar bilen enjamlaşdyrylyp, Birleşen Ştatlaryň kenarýaka şäherlerine wehim salyp biljegi aýdyldy.

RBK neşiriniň hasabatynda bu hadysanyň 1-nji iýulda, agşam sagatlarynda bolandygy aýdylýar.

Per Strand, Norwegiýanyň Radiasiýa we ýadro howpsuzlygy müdirliginiň direktory “Roýters” habar gullugyna öz agentliginiň suwasty gäminiň uçran hadysasy bilen baglylykda, ol töwerekde radiasiýa ýokarlanmasyna gabat gelmändigini aýtdy. Ol norweg häkimiýetleriniň rus kärdeşlerinden gaminiň bortunda “gaz partlamasy” boldy diýen maglumaty alandygyny hem sözüne goşdy.

Emma Orsýetiň Goranmak ministrligi biraz soň “gaz partlamasy” babatda beýanat edendigini inkär etdi. Bu pikir çaprazlygy bada-bat düşündirilmedi.

Orsýetiň Goranmak ministrligi deňizçileriň ölüminiň sebäbini deňziň düýbünde barlag geçirýän gäminiň bortundaky ýangyç buglaryndan dem almaklary bilen düşündirdi.

Wladimir Putin goranmak ministrini deňiz bazasyna iberdi.
Wladimir Putin goranmak ministrini deňiz bazasyna iberdi.

Habarda gäminiň bortunda näçe adamyň bolandygy aýdylmady. Şol bir wagtda, ýangynyň beýleki deňizçiler tarapyndan öçürilendigi aýdylýar.

Bu deňiz gämisi häzir Barensew deňzinde, Murmansk şäheriniň golaýyndaky harby-deňiz bazasynda dur diýip, resmiler aýtdylar.

Ministrlik derňewiň başlanandygyny habar berdi.

AFP anonimlik şertinde gürleşen harby eksperte salgylanyp, onuň bu gäminiň ylmy-barlag işleri bilen meşgullanandygyna şübhelenýändigini habar berdi.

"Adatça, bu deňiz astynda alnyp barylýan dürli görnüşdäki işleriň üstüni basyrmak üçin aýdylýan gürrüň” diýip, ekspert aýtdy.

Orsýetde soňky iki onýyllykda birnäçe betbagtçylykly suwasty gämi hadysasy, şol sanda olar ulanyşdan çykarylan mahalynda, portlarda bir topar ýangyn boldy.

Iň heläkçilikli Kursk suwasty gämi heläkçiliginden bäri, K-152 Nepra suwasty gämisinde Orsýetiň 20 deňizçisi we gämi işgäri wepat boldy. Olar ýangyn söndürijiniň birden, öz-özünden işlemegi netijesinde, demigip öldi.

XS
SM
MD
LG