ABŞ-da ýaşaýan musulman ruhanysy, bir zaman Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň ýarany bolan, ýöne 2016-njy ýylda döwlet agdarylyşygy synanyşygynda aýyplanan Fethullah Gülen, onuň wagyzlaryny çap edýän Herkul web sahypasynyň habaryna görä, 83 ýaşynda aradan çykdy.
"Biziň mugallymymyz 2024-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda, soňky wagtlarda bejergi alýan keselhanasynda, sagat 21: 20-de aradan çykdy" diýip, web sahypa X-da aýtdy we lukmanlaryň bu ýagdaý barada "ýakyn sagatlarda" beýanat çap etjekdigini habar berdi.
Habarda Güleniň haýsy keselden bejergi alandygy aýdylmady. Ol 1999-njy ýyldan bäri Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, bosgunlykda ýaşaýardy we 2017-nji ýylda türk raýatlygyndan mahrum edildi.
CNN Türk, Guleniň ýegeniniň sözlerine salgylanyp, Herkulyň habaryny tassyklady.
2016-njy ýylda Erdogana we hökümete garşy guralan döwlet agdarylyşygy synanyşygy ýurtda öwrülişik pursady boldy. Pitneçi esgerler prezidenti häkimiýetden çetleşdirmek synanyşygyny edip, söweş uçarlaryny, tanklary we beýleki agyr harby enjamlary alyp gaçanda 250 töweregi adam öldi.
Bu waka Türkiýäniň hökümetiniň Hizmat diýip bilinýän Gulen ulgamyny agdarylyşyk synanyşygynda aýyplap, oňa garşy ähli taraplaýyn uruş yglan etmegine sebäp boldy. Gülen bu aýyplamany üzül-kesil ret etdi.
Türkiýe Hizmeti terror guramasy diýip hasaplaýar. Bu aýdyň däl, ýöne esasan bilim işlerine we raýat jemgyýetini ösdürmäge gatnaşýan täsirli topar hökmünde bilinýär.
Türkiýede bolan döwlet agdarylyşygy synanyşygyndan soň on müňlerçe adam işden boşadyldy we tussag edildi. Şeýle-de, gülençiler diýilýänleriň köpçülikleýin ýanalmagynyň arasynda, Ankara bilen Güleniň hususy mekdeplerini açan ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklar gitdigiçe dartgynlaşdy.
Gülene garşy kampaniýa Türkiýäniň sebitdäki ýaranlaryna hem ýaýrady.
Käbir Merkezi Aziýa hökümetleri, şol sanda türkmen hökümeti Fethullah Güleniň magaryfçy guramalary bilen Türkiýede bolan agdarylyşyk synanyşygyndan ozal başlanan hyzmatdaşlyga garşy berk çäreleri gördi.
Türkmenistanda agdarylyşyk synanyşygyndan kän öň açylan türkmen-türk mekdepleri, şol sanda türkmen-türk uniwersiteti müňçlerçe türkmenistanlynyň gowy bilim almagyna, şol sanda iňlis dilini gowy öwrenmegine we soňy bilen Türkiýede, beýleki daşary ýurtlarda okamagyna, işlemegine giň ýol açdy.
Emma bu wakadan soň, gülençi bolmakda güman edilen türkmenistanlylaryň onlarçasy, şol sanda ýurtda sylanýan telekeçiler dürli gümürtik aýyplamalar bilen uzak ýyllyk türme tussaglygyna höküme edildi.
Azatlyga gelip gowşan maglumatlarda aýdylmagyna görä, olar tussag edilende we ýüklenýän günäni boýun aldyrmak, başga adamlara garşy görkezme bermäge mejbur etmek praktikasynyň çäginde agyr gynamalara sezewar edilipdir.
Türk ilçi Ahmet Demirok iýul aýynda Aşgabatda, Türkiýäniň Demokratiýa we milli jebislik gününe bagyşlanan çärede FETO hereketine garşy göreşde beren goldawy üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi.
Azatlyk türkmen-türk mekdepleriniň uçurymlarynyň duçar bolýan repressiýalary, türkmen ýörite gulluklarynyň Gülen hereketi bilen gatnaşyk edýän raýatlary yzýarlaýşy hakyndaky soňky maglumatlary maý aýynda we şu aýyň başynda hem berdi.
Soňky ýyllarda Gülen bilen ilteşikli bolmakda aýyplanýan türk raýatlarynyň käbiriniň başga ýurtlarda tussag edilip, zor bilen Türkiýä äkidilendigi barada habar berildi.
Şeýle ýagdaý türk-gyrgyz magaryfçysy Orhan Inandi babatynda hem boldy. Ol 2021-nji ýylda, türk agentleri tarapyndan Gyrgyzystandan alnyp gaçyldy we öz isleginiň tersine Türkiýä getirildi.
Goşa gyrgyz-türk raýaty bolan Inandi şu ýylyň iýun aýynda, "ýaragly terrorçy topary döretmek" aýyplamasy bilen, 21 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.
Türkmenistandaky gülençiler toparynyň lideri Zakaria Jerit (Zekeriye Cerit) 2023-nji ýylyň tomsunda Stambulda tussag edildi.
Forum