Gürjüstanlylar, ýurduň dolandyryjy partiýasy edýän talaplarynyň ählisini berjaý etmänsoň,bäşinji gün hem Tbilisiniň köçelerine çykdylar.
Birnäçe müň adam 24-nji iýun agşam ýurduň parlament binasynyň daş işiginde toplandy, olar paýtagtyň esasy magistraly bolan Rustaweli köçesindäki hereketiň öňüni bagladylar.
Dolandyryjy Gürjüstanyň arzuwy partiýasynyň lideri Bidzina Iwanişwili, protestçileriň talaplarynyň birine boýun bolup, 2020-nji ýyldaky parlament saýlawlarynyň proporsional sistemada geçiriljekdigini aýtdy.
Iwanişwili saýlaw wagtynda partiýalar üçin hiç bir çäklendirmäniň bolmajakdygyny aýtdy. Bu resmileriň nägile raýatlaryň bildirýän talaplary boýunça eden ikinji eglişigi boldy.
Parlament spikeri Irakli Kobakhidze 21-nji iýunda özüniň işden çekilmegi baradaky çagyryşlary kabul edip, işden çekildi. Emma protest liderleri özleriniň ähli talaplarynyň ýerine ýetirilmelidigini, ýogsa protestleriň dowam etdiriljekdigini aýdýarlar.
Olar içeri işler ministriniň hem işden boşadylmagyny, protestleriň birinji gijesinde protetçi mähellä garşy zorluk ulanan hukuk goraýjy ofiserleriň jezalandyrylmagyny talap edýärler.