Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda bilim, harby gulluk we ýaşlar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Dünýä Türkmenleriniň bu sany Türkmenistanda orta we ýokary bilim hem-de harby gulluk baradaky soňky ýüze çykýan meselelere gönükdirilýär.

Şu günler Türkmenistanyň orta mekdeplerinde gutardyş synaglary tamamlanýar. Üstümizdäki hepdelerde ýurduň ýokary okuw jaýlaryna giriş synaglary başlanar. Orta mekdebi tamamlan ýaşlar ýerli hem-de daşary ýurt ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmäge synanyşarlar.

Ýurtdan gelip gowuşýan maglumatlarda orta mekdebi tamamlaýan 18 ýaşyny dolduran erkek raýatlaryň harby gulluga çagyrylýandygy aýdylýar. Şol bir wagtyň özünde, daşary ýurtlardan ýurda dolanýan türkmenistanly studentleriň arasynda olaryň käbirleriniň Aşgabadyň aeroportundan göni harby gulluga äkidilýändigi barada maglumatlar bar. Azatlyk Radiosy geçen hepdelerde bular barada maglumat berdi.

Bu wakalar birnäçe ugur boýunça käbir soraglary döredýär. Bu Türkmenistanda orta bilim, ýokary bilim we harby gulluk barada käbir soraglary ýüze çykýar. Näme üçin türkmen hökümeti ýaşlary harby gulluga çagyrmaga howlugýar?

Şeýle-de, Türkmenistanda aprel aýynda diplomy ykrar edilýän daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynyň sanawy çap boldy. Häkimiýetleriň aýdýan ýokary daşary ýurt okuw jaýlarynda okamadyklaryň diplomlary ýurtda ykrar edilmez; Azatlygyň çeşmeleri olara walýutanyň resmi bahasynyň esasynda Türkmenistandan maliýe serişdeleriniň goýberilmegine-de mümkinçilik döredilmejekdigini habar berdi. Bu barada ozalky gepleşiklerde-de gürrüň edildi. Ýöne täze maglumatlaryň fonunda şu meselä täzeden dolansak, türkmenistanlylaryň bilim alyp biljek daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynyň sanawy çäklendirildi, ýurt içindäki ýerli ýokary okuw jaýlara girmek üçin para soralýandygy aýdylýar. Şol bir wagtyň özünde, 12 ýyllyk orta mekdepleriň 10 ýyllyk ediljekdigi barada gürrüňler bar. Bu üýtgeşmeler gysga we uzak möhletde ýurduň geljegine nähili täsir eder?

Biz Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sanynda şu we şuňa meňzeş soraglaryň töwereginde gürrüňdeşlikleri geçirýäris.

Türkmenistanda bilim, harby gulluk we ýaşlar
please wait

No media source currently available

0:00 0:14:59 0:00

XS
SM
MD
LG