Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ harbysy Türkiýäniň rus raketa gorag ulgamyny satyn almakdan saklanmagy "giç däl" diýýär


ABŞ-nyň F-35 söweş uçary
ABŞ-nyň F-35 söweş uçary

ABŞ-nyň habry-howa güýçleriniň başlygy Türkiýäniň rus raketa gorag ulgamyny satyn almakdan saklanmak kararyna gelmegi şindi hem giç däl diýdi. Türkiýäniň bu ylalaşygy Waşingtonyň we NATO ýaranlarynyň köpüsiniň gaharyny getirdi.

16-njy maýda Ankara ahyrynda S-400 raketa ulgamyny edinmek baradaky pikirini üýtgedip bilermi diýip soralanda, Howa güýçleri sekretary Hizer Wilson (Heather Wilson) “bu mümkin” diýip jogap berdi.

"Diplomatlar bu meselede işlemeklerini dowam etdirýärler” diýip, ol aýtdy we rus raketa ulgamynyň “F-35 [söweş uçarlary] edinmek bilen bir ýere sygyşmaýandygy" barada aýdylanlary gaýtalady.

Birleşen Ştatlar Ankaranyň Orsýetden raketa ulgamyny satyn almagy goýbolsun etmegini talap etdi. NATO ýaranlary hem ABŞ-da öndürilen F-35 söweş uçarlaryna wehim abanmak ähtimallygy baradaky aladalaryny duýdurdylar.

NATO agzasy bolan Türkiýe ýaranlygyň harbylarynyň ulanmagyna niýetlenen söweş uçarlarynyň öndürilmegine gatnaşýar we özüniň bu uçarlardan 100 sanysyny satyn almak plany bar.

Emma resmiler, eger Ankara rus ylalaşygyndan çekilmese, Türkiýäniň F-35 uçarlaryny öndürmäge gatnaşmak we bu uruş uçarlaryndan satyn almak planlarynyň goýbolsun edilip bilinjekdigini duýdurdylar.

XS
SM
MD
LG