Russiýanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň we Gazagystanyň Goranmak ministrlikleriniň delegasiýasynyň ilkinji duşuşygy Astrahanda geçirildi diýip, “TASS” habar agentligi Russiýanyň Goranmak ministrligine salgylanyp, 24-nji aprelde habar berdi.
Ministrlik özüniň çarşenbe güni beren maglumatynda taraplaryň “Hazar deňzinde hadysalaryň bolmagynyň öňüni almak boýunça ylalaşygyň ýerine ýetirilişi bilen ilteşikli meseleleri” maslahat edendigini aýtdy.
Hazar flotiliýasynyň komandiri kontr-admiral Sergeý Pinçuk “regionda howpsuz harby deňiz hereketlerini we aeronawigasiýany üpjün etmek üçin ylalaşygyň möhümdigini nygtapdy”.
Geçen ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde Türkmenistanyň, Eýranyň, Azerbaýjanyň, Orsýetiň hem-de Gazagystanyň prezidentleriniň gatnaşmagynda geçirilen Hazarýaka döwletleriniň V sammitinde Hazaryň hukuk derejesini kesgitlemek boýunça Konwensiýa gol çekilipdi.