“Türkmenistanyň hronikasy” neşiri 22-nji aprelde paýtagtyň bazarlarynda satylýan harytlaryň, şolaryň hatarynda azyk harytlaryň soňky 3 aýyň dowamyndaky bahalaryny öwrenip, maglumat çap etdi. Neşiriň geçiren barlaglaryndan mälim bolşuna görä, paýtagtyň bazarlarynda dürli harytlaryň bahalary belli bir derejede soňky üç aýyň dowamynda arzanlan-da bolsa, käbir harytlaryň gymmatçylygy umumylykda saklanyp galýar.
Neşiriň maglumatyna görä, 2019-njy ýylyň soňky üç aýynda Aşgabadyň bazarlarynda gök bakja önümleriniň bahalary 26 %, konserwa önümleriniň bahalary 6 % arzanlady, ýöne miweleriň bahasy 38 % gymmatlady.
Olaryň hatarynda naryň 1 kilogramy 10 manatlygyndan 32 manada, Türkiýeden getirilýän almalar 17 manatdan 22 manada, Eýrandan getirilýän almalar 7 manatdan 8 manada, bananyň 1 kilogramy soňky üç aýda 8 manatdan 22 manada çykdy.
Beýleki tarapdan, döwlet eýeçiligindäki “Türkmenistan: Altyn Asyr” saýty Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda ösdürilip ýetişdirilýän ýerli banan barada habar berýär.
Onuň maglumatyna görä, ýerli bir telekeçiniň ýyladyşhanasynda 1800 düýp daragtdan her hepdede 1,5 tonna banan ýygnalýar.
Ýöne bananyň Aşgabadyň bazarlaryndaky bahasy ýanwar-mart aýlarynyň dowamynda, “Türkmenistanyň hronikasynyň” maglumatyna görä, 175 % gymmatlady.
Aşgabadyň bazarlarynda soňky üç aýyň dowamynda et önümleri 15 %, süýt önümleri 10 %, ösümlik ýagy 26 %, hususy dükanlarda un 16 %, peýnir 23 % arzanlady. Şekeriň gymmatçylygy durnukly saklanyp galýar, onuň 1 kilogramynyň bahasy döwlet dükanlarynda 7 manatlygynda, hususy dükanlarda 9 manatlygynda galýar.
Beýleki tarapdan, türkmen metbugaty ýurtda öndürilýän kemput, süýji, köke, şokolad we wafli ýaly konditer önümleriniň Owganystanda, Eýranda, Yrakda, Pakistanda, Gazagystanda, Russiýada, Hytaýda we arap ýurtlarynda islegli haryda öwrülendigini ýazýar. Resmi metbugata görä, ýerli telekeçiler marmeladlary, wafli tortlaryny we ýüzüne şokolad çalnan kokos huruşly batonjyklary hem özleşdiripdirler.
Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki metbugat serişdeleri iýmit önümleriniň bolçulygy barada yzygiderli habarlary çap edýärler, ýöne Azatlyk Radiosy we beýleki garaşsyz habar serişdeleri bilen gürrüňdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar ýurtda harytlaryň gymmatçylygyndan şikaýat edýär.
“Türkmenistanyň hronikasynyň” maglumatyna görä ýanwar-mart aralygynda şireli içimlikleriň, soklaryň bahalary 33 % gymmatlan bolsa, kofeniň bahasy 7 % arzanlapdyr. Neşiriň maglumatlaryna görä, hojalyk harytlarynyň bahalary soňky üç aýyň dowamynda üýtgewsizliginde galýar.
Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki telewizion kanallarynda ýa-da metbugat serişdelerinde ýurduň bazarlarynda azyk harytlaryň bahalary barada içgin maglumat berilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.