31-nji martda Türkmenistanda aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlar geçirildi.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň maglumatlaryna görä, saýlaw uçastoklarynyň ýapylýan wagtyna, ýagny, sagat 19:00-a çenli Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna 91,12 göterim saýlawçy gatnaşdy.
Welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryna saýlawçylaryň 90,86 göterimi, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryna 90,71 göterimi hem-de geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna 90,90 göterimi gatnaşdy.
31-nji martda Türkmen döwlet habarlar (TDH) gullugy “saýlaw uçastoklarynyň ýapylmagy bilen ses sanamak işiniň başlanandygy” aýdyp, “saýlaw kodeksiniň düzgünlerine laýyklykda, saýlawlaryň netijeleriniň ýakyn wagtda aýan ediljekdigini” habar berdi.
2019-njy ýylyň 31-nji martynda saýlaw uçastoklarynyň 222-siniň hemmesinde ir sagat 7-de ses bermek başlanandygy we saýlawlar boýunça saýlawçylaryň jemi 201823-si hasaba alynandygy habar berildi.
Türkmenistanda geçirilen saýlawlaryň barşyna synçylygy ähli saýlaw uçastoklarynda diňe milli synçylar amala aşyrdylar. “Olaryň baha bermegine görä, saýlawlar bäsdeşlik we demokratik esaslarda, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga we halkara hukugyň umumy kabul edilen kadalaryna laýyklykda geçdi” diýlip, resmi metbugatyň habarynda aýdylýar.
“Şu saýlawlarda Aşgabat şäherindäki we welaýatlarymyzdaky saýlaw uçastoklarynda ýörite wideo kameralar gurnalyp, on-line düzgüninde saýlawçylaryň ses berişleri internet arkaly Merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm atly web-saýtynda ilata görkezildi” diýlip, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň maglumatynda aýdylýar.
Geçen ýylyň martynda Türkmenistanda Mejlisine deputatlary, halk maslahatlaryna we Geňeşlere agzalary saýlamak boýunça geçirilen saýlawlara syn etmek üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylarynyň wekilçilikli topary hem-de ÝHHG-niň demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky edarasynyň bilermenleri Aşgabada barypdylar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.