“Mercer” atly toparyň hasabatynda, Awstriýanyň paýtagty Wena 230 şäheriň arasynda ilatyň durmuş şertleriniň hili boýunça birinji orunda ýerleşdirilip, dünýäniň iň gowy şäheri diýlip saýlandy. Şweýsariýanyň Zurih we Germaniýanyň üç şäheri, şol sanda Münhen, Düsseldorf we Frankfurt Wenanyň yzysüre gelýän şäherlerdir.
Aşgabat 210
4-nji martda “Mercer” toparynyň ýaýradan “Ilatyň durmuş şertleriniň hili 2015” atly hasabatynda Aşgabat dünýä boýunça 230 şäheriň arasynda 210-njy orunda ýerleşdirildi.
Merkezi we Gündogar Ýewropa şäherlerinde ilatyň durmuş şertleriniň hili ýokary bolup, agzalýan hasabatda Çehiýanyň paýtagty Praga 68, Budapeşt we Lýublýana 75-nji ýerde ýerleşdirilipdir.
Ýewropa kontinentinde ilatyň durmuş şertleriniň iň pes derejede bolan şäherleriniň arasynda Kiýew (176-njy), Tirana (180-nji) we Minsk (189-njy) bar.
Bagdat iň soňky ýerde
Hasabatda ilatyň durmuş şertleriniň hili boýunça Baku 197-nji, Ermenistanyň paýtagty Ýerewan 183-nji, Tbilisi 184-nji, Russiýanyň paýtagty Moskwa 167-nji, Eýranyň paýtagty Tähran 203-nji orunda ýerleşdirilipdir.
Iň gowy keselhanaly, mekdepli şäherler
“Merceriň” baş maslahatçysy Kate Fitzpatrickiň “The Telegraph” neşirine beren maglumatynda şeýle diýilýär: “Ýewropa şäherlerinde ýaşaýyş şertler has ýokary derejede, bu şäherlere hemişelik howpsuzlyk we ýokary durmuş şertleri mahsus. Ýewropa şäherlerinde oňat keselhanalar, mekdepler bar. Bu şäherler howpsuzlyk derejesi boýunça ýokary bolup, olarda gowy jemgyýetçilik transportlary bar”.
Awstriýanyň paýtagty bolsa, hem arassa, hem-de hasabatyň ähli kategoriýalary boýunça ýokary derejeli ballary aldy.
“Merceriň” hasabatynda 230 şähere 10 kategoriýa boýunça baha berlip, olar şulardan ybarat: Syýasy we sosial pudak, ykdysady pudak, sosial-medeni pudak, medisina we saglyk pudagy, mekdep we bilim, jemgyýetçilik hyzmatlary we transport gatnawy, dynç alyş, ilatyň sarp edýän önümleri, ýaşaýyş jaý we daşky gurşaw.
Ilkinji we soňky 10-luk
“The Telegraph” neşirinde çap edilen ilkinji we iň soňky 10 şäheriň sanawy:
- Wena, Awstriýa
- Zurih, Şweýsariýa
- Oklend, Täze Zelandiýa
- Münhen, Germaniýa
- Wankuwer, Kanada
- Düsseldorf, Germaniýa
- Frankfurt, Germaniýa
- Ženewa, Şweýsariýa
- Kopengagen, Daniýa
- Sidneý, Awstraliýa
...
220. Damask, Siriýa
221. Nuakşot, Mawritaniýa
222. Konakri, Gwineýa
223. Kinşasa, Kongo Demokratik respublikasy
224. Brazzawil, Kongo respublikasy
225. Sana, Ýemen
226. Ndjamena, Çad
227. Hartum, Sudan
228. Port-o-Prens, Haiti
229. Bangi, Merkezi Afrika respublikasy
230. Bagdat, Yrak