Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji fewralda Mejlisiň deputatlary bilen duşuşyp, olary maýa goýumlaryny çekmäge kömek etjek kanunlary kämilleşdirmäge çagyrdy.
Bu çagyryş “Crude Accountability” guramasynyň Ýewropanyň Dikeldiş we ösüş bankynyň “dünýäniň iň bir korrumpirlenen, awroritar režimleriniň birinde” deňizdäki nebit ýataklaryny özleşdirmek üçin berilmeli karzlary goýbolsun edendigi baradaky maglumaty çap eden gününe gabat geldi.
Mejilsdäki duşuşykda prezidentden we ony "taryhy duşuşyk" diýip atlandyran parlament ýolbaşyçy Gülşat Mämmedowadan başga çykyş eden bolmady.
Prezident Berdimuhamedowyň duşuşykda aýdan sözlerine görä, kanunlaryň kämilleşdirilmegi “iň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, bäsleşige ukyply önümleri öndürjek döwrebap kärhanalary döretmegi höweslendirmek üçin zerur".
Şeýle-de Berdimuhamedow döwlet serişdelerini aýawly peýdalanmaga degişli kanunçylygy kämilleşdirmäge çagyrdy.
Bu çagyryş ýurtda ministrlikleriň birnäçesiniň birikdirilmegi we döwlet edaralarynyň birnäçesiniň gyssagly paýdarlar jemgyýetlerine öwrülmegi hakynda kabul edilen kararlaryň yz ýanyndan edilýär.
Ýurtdaky ykdysady ýagdaýlar, şol sanda döwlet harajatlaryny mümkin boldugyça azaltmak we ykdysdadyýeti netijeli hususylaşdyrmagy çaltlaşdyrmak bilen bagly meseleler Berdimuhamedowy Ylymlar akademiýasyna goýberilýän döwlet serişdelerine hem täzeden seretmäge mejbur etdi.
Netijede, döwlet serişdelerine aýawly çemeleşmek zerurlygy ylmy-barlag institutlarynyň bir toparynyň birikdirilmegine, hojalyk hasaplaşygyna geçirilmegine alyp geldi.
Sosial mediada çykan we resmi Aşgabat tarapyndan inkär edilmedik maglumatlara görä, soňky görlen tygşytlaýyş çäreleri we ylmy-barlag institutlarynyň hojalyk hasaplaşygyna geçirilmegi 2009-njy ýylda prezident Berdimuhamedow tarapyndan dikeldilen we 2010-njy ýylda döwlet tarapyndan 10 million dollar serişde bölünip berlen YA-nyň ylmy işgärleriniň üçden biriniň işlerini ýitirmegine alyp gelýär.
Emma muňa garamazdan, işlerini ýitirjek alymlaryň sany, olary mekdeplerde ýa beýleki ýerlerde gaýtadan işe ýerleşdirmek mümkinçilikleri barada anyk hiç bir zat aýdylmaýar.
Ylmy işgärlerden başga, birden birnäçe ministrligiň birikdirilmegi we ozalky döwlet edaralarynyň birnäçesiniň gyssagly paýdarlar jemgyýetine öwrülmegi hem onlarça adamyň işlerini ýitirmegine alyp geler diýen alada bar.
Mundan başga, oba hojalygyndaky problemalaryň hem çuňlaşýandygy hakynda maglumatlar gelip gowuşýar. Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeşlikde bergili çykmakdan ýadandyklaryny aýdýan daýhanlar-da, kärende ýeriňi saklamak üçin para bermelidigini aýdýanlar-da az däl.
Şol bir wagtda, türkmen hökümetiniň ýurda maýa goýumlaryny çekmek, importy azaldyp, eksporta ukyply önümçiligi artdyrmak, ilatyň durmuş-ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak barada edýän tagallalary hakynda Ministrler kabinetiniň mejlislerinde yzygiderli gürrüň edilip, uly ösüş sanlary getirilýär. Bu 8-nji fewralda, ýylyň birinji aýynyň netijelerine bagyşlanyp geçirilen mejlisde hem şeýle boldy.
TDH-nyň wise-premýer Goçmyrat Myradowyň mejlisdäki hasabatyna salgylanyp habar bermegine görä,geçen döwürde (ýanwar aýynda) milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny we sebitleri yzygiderli ösdürmek hem-de ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, toplumlaýyn çäreler üstünlikli geçirildi”.
Ýerli synçylar türkmen resmileriniň aýdýan zatlarynyň hakykata gabat gelmeýändigini öňe sürýärler. Şwesiýada ýaşaýan türkmen ykdysatçysy Hudaýberdi Orazowyň pikirine görä, Türkmenistanda esasan gözboýagçylyk edilýär we ondan ykdysadyýetiň dikelmegine-de, halkyň durmuş-ýaşaýyş derejesiniň gowulanmagyna-da "peýda bolmaz".
“Ýurtda düzüwli hökümet bolmasa, kanunlar işlemese, garaşsyz sudlar bolmasa, bu aýdylýan zatlary edip bolmaýar we muňa biziň hemmämiz hem düşünýäris” diýip, Orazow Azatlyk bilen eden telefon söhbetdeşliginde aýtdy.
Şu aralykda “Crude Accountability” guramasy Ýewropanyň Dikeldiş we ösüş bankynyň “dünýäniň iň bir korrumpirlenen, awroritar režimleriniň birinde” işleýän “CMI Offshore” kompaniýasynyň gämi satyn almak üçin soran karzlaryny bermejekdigini habar berdi.
Guramanyň websaýtynda 7-nji fewralda çap edilen beýanatda aýdylmagyna görä, “Crude Accountability” ÝDÖB-nyň bu karzlary bermek bilen öz daşky gurşaw we sosial syýasatyny, şol sanda Türkmenistan babatyndaky ýurt strategiýasyny bozýandygyny aýdyp, olaryň berilmegine garşy işjeň göreş alyp bardy.
Türkmenistan ykdysady azatlyk we beýleki azatlyklar boýunça taýýarlanylýan halkara hasabatlarynda ýylyň-ýylyna yzdaky orunlary eýeleýär. Mysal üçin, Birleşen Ştatlardaky “Miras fondunyň” (The Heritage Foundation) ylmy-barlaglar merkezi bilen “The Wall Street Journal” gazetiniň bilelikde taýýarlan soňky hasabatynda Türkmenistan ykdysady azatlyk boýunça yzdan 12-nji orny aldy.
“Türkmenistan garaşsyz bolaly bäri häkimiýetde bolan awtokrat hökümetler biznes klimatyny gowulandyrmak, döwlet eýeçiligindäki kärhanalary hususylaşdyrmak ýa-da giň ýaýran korrupsiýa garşy göreşmek meselelerinde az iş etdiler” diýip, hasabatda bellenilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.