Rus milliarderi Arkadiý Rotenbergiň eýeçiligindäki kompaniýa raýat jemgyýetini we korrupsiýa garşy göreşi ösdürmek tälimleri üçin döwlet serişdesi bilen sylaglandy.
Rus mediasynyň jemgyýetçilik döwlet-tender dokumentlerine salgylanyp, 11-nji ýanwarda habar bermegine görä, Rotenbergiň “Granat” kompaniýasyna bu temadan tegelek stol söhbetdeşliklerini, jemgyýetçilik maslahatlaryny we konferensiýalary geçirmek üçin 46 million rubl ($688,000) serişde berildi.
Rotenberg rus prezidenti Wladimir Putiniň çagalyk dosty we ozalky dzýudo partnýory hökmünde tanalýar.
Putin 2000-nji ýylda prezident bolandan soň, Rotenberg döwlet kontrollygyndaky “Rosspirtprom” kärhanasynyň başlyklygyna bellendi.
Soňra ol öz kontrollyk edýän kompaniýalaryny köpeldip, döwlet eýeçiligindäki “Gazprom” kompaniýasyna turba satmak bilen öz baýlygynyň möçberini has-da köpeldi.
Korrupsiýa garşy göreşýän aktiwistler, şol sanda oppozision şahsyýet Alekseý Nawalnyý Rotenbergiň firmalarynyň “Gazproma” göz-görtele artykmaç nyrh kesýändiklerini öňe sürýär.
Şeýle-de Rotenberge Orsýetiň federal uly ýollaryny gurmak, okuw kitaplaryny çap etmek, 2014-nji ýylda Soçide geçirilen Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň desgalaryny gurmak ýaly işler ynanyldy.